Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Beýik Ýeňşiň ähmiýetini belledi


08.05.2024

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş hakdaky mukaddes hakydany diňe goramak bilen çäklenmän, eýsem, şol ýyllaryň wakalary baradaky hakykaty geljekki nesillere ýetirmek hem möhümdir. Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkiniň Ýeňiş güni mynasybetli geçirilen baýramçylyk konsertinde şu babatda aýdan sözleri «TASS» tarapyndan mälim edildi.

«Faşizmiň üstünden gazanylan Beýik Ýeňiş sowet halkynyň agzybirliginiň, edermenliginiň we synmaz erkiniň netijesinde gazanyldy. Onuň gaýduwsyzlygy we pidakärligi bütin dünýäni haýran galdyrdy we köpleri basybalyjylara garşy söweşmäge ruhlandyrdy. Biz şirin janlaryny orta goýup, dogduk topragyny gorap, köp garaşylan parahatçylygy getiren ýeňijileriň görlüp-eşidilmedik edermenligini hemişe hakydamyzda saklarys. Biziň borjumyz diňe bir ata-babalarymyzyň tutanýerliliginiň mukaddes hatyrasyny goramak däl, eýsem, nesillerimize şol ýyllaryň wakalary barada hakykaty ýetirmekde hem jemlenýär» — diýip, ilçi aýtdy.

Baýramçylyk konserti paýtagtymyzda ýerleşýän Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynyň köp mähelleli eýwanynda geçirildi. Oňa uruş weteranlary, ýörite çagyrylan myhmanlar we birnäçe ýurduň ilçileri gatnaşdylar. Bir sagatdan gowrak dowam eden konsertde Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde uruş ýyllarynyň aýdym-sazlary ýaňlandy.

«Bu aýdym-sazlar wagtyň emrine tabyn däldirler, olar rus-türkmen doganlygyny berkidýän synmaz güýçdür. Ol aýdymlaryň hemmesi Watan goragçylaryna bolan hormatyň we minnetdarlygyň beýanydyr» — diýip, Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin aýtdy.

Beýik Watançylyk urşuna 300 müňe golaý türkmenistanly gatnaşyp, olardan 130 müňüsi orden- medallar bilen sylaglandy. Merdana türkmen esgerleriniň 104-si ozalky Sowet Soýuzynyň Gahrymany diýen ada mynasyp boldy, 15-si bolsa Şöhrat ordeniniň eýesi boldy.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn