Ahal welaýatynyň ýaşaýjylary üçin telefon ulgamyna onlaýn-töleg etmek hyzmaty ýola goýuldy


22.04.2022

«Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň Ahal welaýatyndaky müşderileri üçin şäher telefon ulgamynyň hyzmatlaryna onlaýn töleg etmek mümkinçiligi döredildi. Indi welaýatyň ýaşaýjylary Türkmenistanyň Döwlet hyzmatlar portalynyň üsti bilen öý telefonlarynyň hasaplaryna töleg geçirip bilerler. Töleg etmegiň bu usuly iOS hem-de Android platformalary üçin niýetlenen e.gov.tm ykjam goşundysynda hem elýeterlidir. Onlaýn tölegi Altyn Asyr bank kartlary arkaly geçirip bolýar. Müşderiler telefon hyzmatynyň tölegini Döwlet hyzmatlar portalynda hasaba durmak bilen, saýtyň baş sahypasyndaky «Aragatnaşyk hyzmatlary» bölümine girip ýa-da e.gov.tm ykjam goşundysy arkaly amala aşyryp bilerler. Degişli bölüme gireninden soň, müşderi «Telekom Telefon» düwmesine basmaly, soňra bolsa degişli ýeri görkezip (Ahal), etrabyny saýlamaly (Mysal üçin, Gökdepe) hem-de öý telefonynyň belgisini girizmeli. Mundan soňra bolsa geçiriljek tölegiň mukdaryny görkezip, «tölemek» düwmesine basmaly. Bu amallar ýerine ýetirileninden soň, töleg ediji tölegi tassyklamagy soraýan SMS habaryny alar we töleg tassyklanan badyna telefonyň hasabyna dessine töleg geçiriler. Döwlet hyzmatlarynyň internet portalynyň töleg hyzmatlary yzygiderli özgerdilýär. Mundan ozal bolsa, Aşgabat şäheriniň ulanyjylary üçin Internet, IPTV, öý hem-de ykjam telefonlar, şeýle-de elektrik energiýasy, gaz we suw ýaly jemagat hojalygy hyzmatlary üçin onlaýn töleg geçirmek mümkinçiligi girizilipdi.

iOS

Аndroid

Web sahypa

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn