"Türkmentelekom" EAK-sy domen üçin korporatiw poçta hyzmatyny hödürleýändigini habar berýär


01.05.2022

"Türkmentelekom" EAK-sy domen üçin korporatiw poçta hyzmatyny hödürleýändigini habar berýär. Korporatiw poçta döretmek üçin,salgylanmadaky Korporatiw poçta birikdirmek nämä gerek?
Ýatdan çykmajak salgylary döretmek üçin, korporatiw poçta birikdiriň. Edara-kärhananyň adyny, işgäriň familiýasyny ýa-da başga bir sözi korporatiw poçtaňyzda ulanyň. Korporatiw poçta baglamak üçin web sahypasy gerekmi? Korporatiw poçta baglamak üçin size web sahypa döretmäge mejbur etmeýär, diňe domeniňizi hasaba almaly bolarsyňyz (Turkmendomen HJ-de bellige alnyp bilner - turkmendomain.com.tm). Domen, internetde sanly.tm ýa-da telecom.tm ýaly salgydyr Korporatiw poçtada näçe elektron bukja döredip bolýar? Korporatiw poçtany domeniňiz bilen hasaba alanyňyzdan soň, edara-kärhananyň her bir işgäriniň öz salgysy bolmagy üçin çäklendirilmedik poçta bukjalaryny döredip bilersiňiz. Korporatiw poçtaň artykmaçlyklary: - müşderileriň ynamy. Satyn alyjylar edara-kärhanalaryň öz salgysyndan däl-de mugt poçta (gmail.com, mail.ru, yandex.ru we ş.m.) hyzmatlarynyň domeninden ýazýan kompaniýalar bilen iş çalyşmakdan gorkýarlar. - oňaýlylyk. Ulanyja mugt poçta hyzmatlarynda hasaba alnan adrese garanyňda korporatiw poçta salgyňyzy ýatda saklamak has aňsat. Meselem, AmanWebsite87@gmail.com salgysyna garanyňda, admin@company.tm poçta bukjasyna hatlary ugratmak has aňsat.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn