«Türkmentelekom» EAK-nyň internet hyzmatynyň tölegini indi e.gov.tm portalynda Daşary ykdysady iş bankynyň karty arkaly töläp bolýar


13.07.2022

«Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň müşderileri üçin internet hyzmatlarynyň tölegini Döwlet hyzmatlar portalyndan Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş bankynyň karty arkaly tölemek mümkinçiligi döredildi.
Tölegi geçirmek örän ýeňil bolup, munuň üçin birnäçe ýönekeý amallar ýerine ýetirilýär:
• e.gov.tm saýtynda ýa-da ykjam goşundysynda hasaba alynmaly;
• «Aragatnaşyk hyzmatlary» bölümindäki «Türkmentelekom Internet» bölümçesine girmeli;
• şertnamada görkezilen telefon belgisini we nyrhnama laýyklykda zerur pul möçberini girizmeli.
Mundan soňra bolsa sanawda görkezilen «Halkbank» PTB-niň ýa-da Daşary ykdysady iş bankynyň bank kartlaryndan töleg geçirjek kartyňyzyň görnüşini saýlamaly. Bank karty saýlanandan soň hyzmat awtomatik usulda töleg sahypasyny açýar. Bu ýerde bolsa kartyň maglumatlaryny girizip, töleg geçirilýär. Töleg «Türkmentelekom» EAK-nyň müşderisiniň hasabyna dessine geçiriler.
Döwlet hyzmatlar portalynyň ykjam goşundysyny şu salgylanmalardan ýükläp alyp bilersiňiz:
iOS
Android
Web sahypasy: e.gov.tm

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn