Türkmenistanda ykjam telefonlar üçin täze Telekom goşundysy işe girizildi


11.10.2022

Türkmenistanda ykjam telefonlar üçin Google play we IOS ulgamyndan ýüklemäge elýeterli bolan täze Telekom goşundysy işe girizildi. Goşundy «Türkmentelekom» aragatnaşyk kompaniýasynyň müşderilerine internet we telefon bilen bagly dürli hyzmatlary ýerine ýetirmek maksady bilen işlenip taýýarlanyldy.
Peýdalanmak üçin örän amatly bolan bu goşundynyň amallary «şahsy otagyň» üsti bilen ýerine ýetirilýär.
Şahsy otagy döretmek üçin şu aşakdakylar talap edilýär:
1. Hasaba alnan ýazgyňyzyň logini. Bu, adatça, 993 + şäheriňiziň kody + telefon belgiňiz(meselem, 99312999999);
2. Hasaba alnan ýazgyňyzyň paroly.
3. Şertnama baglaşylanda görkezen ykjam telefon belgiňiz. Ol şahsy otagyň goşmaça goragy üçin zerurdyr. Şol telefon belgisine şahsy otaga girmek üçin tassyklanan kodly sms-habary ugradylar. Şertnamada görkezen telefon belgiňiziň ýadyňyza düşmedik ýa-da sms-habarynyň gelmedik ýagdaýynda «Türkmentelekom» aragatnaşyk kompaniýasynyň islendik bölümine ýüz tutup bilersiňiz.
«Şahsy otag» bölümi arkaly ähli ugurly hyzmatlardan peýdalanmak bolar. Olara aşakdakylar degişlidir: 1. Telefon hyzmatlary üçin töleg geçirmek;
2. Öý interneti hakynda maglumat almak;
3. Öý internetiniň nyrhnamasyny üýtgetmek;
4. Hyzmatlary birikdirmek;
5. Welaýatlaryň telefonlary hakynda maglumat almak.
«Türkmentelekom» aragatnaşyk kompaniýasynyň hyzmatlary üçin töleg geçirmekde döwlet hyzmatlarynyň portalyndan (e.gov.tm) peýdalanyp bilersiňiz.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn