28.04.2023
Şu gün, Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi.
Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly halkara maslahata we sergä görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanynyň degişli Kararyna laýyklykda, halkara forumy 3-4-nji maýda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirmek meýilleşdirilýär.
Maslahatyň deslapky meýilnamasyna halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, logistika arkaly söwdany artdyrmagyň mümkinçilikleri, häzirki zaman ykdysadyýetinde ulagyň we logistikanyň özara arabaglanyşygy, söwdada we logistikada sanlylaşdyrma, poçta hyzmatlarynyň döwrebap ugurlary, elektron täjirçilik, ulag-logistika düzüminiň baglanyşygyny ösdürmekde döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň orny, innowasiýa tehnologiýalary, ulag we logistikada ylmyň we bilimiň orny ýaly meseleler girizildi.
Halkara maslahatyň çäginde birnäçe çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bu halkara maslahatyň we serginiň Türkmenistanyň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini ösdürmek boýunça möhüm ähmiýetli işleriň amala aşyrylmagyna hem-de özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigini belledi hem-de agentligiň ýolbaşçysyna meýilleşdirilýän çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
23.02.2023
“Türkmenaragatnaşyk” agentligi we “Thales Alenia Space” hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar
21.02.2023
2023-nji ýylyň mart aýynyň 1-den “Türkmentelekom” elektrik aragatnaşyk kompaniýasy fiziki şahslara çäklendirilmedik internet üçin täze 4 we 6 Mbit/sek. nyrhnamalaryň girizilendigini, şeýle hem häzirki wagtda hödürlenýan hyzmatlaryň bahalarynyň arzanlana
29.12.2022
Ýetip gelýän Täze 2023-njy ýyl baýramyňyz gutly bolsun!
30.11.2022
“Türkmentelekom” EAK-ynyň Hosting hyzmatynyň täze nyrhnamalary
25.10.2022
«Türkmentelekom» EAK-y bilen «Sanly ýaýlym hyzmatlary» hojalyk jemgyýeti bilelikde dünýaniň meşhur kino, sport, habarlar, aýdym, güýmenje, bilim we çagalar üçin dürli görnüşli teleýaýlymlaryny özünde jemleýän “Älem TV” IPTV hyzmatyny hödürleýär.
11.10.2022
Türkmenistanda ykjam telefonlar üçin täze Telekom goşundysy işe girizildi
13.07.2022
«Türkmentelekom» EAK-nyň internet hyzmatynyň tölegini indi e.gov.tm portalynda Daşary ykdysady iş bankynyň karty arkaly töläp bolýar
11.05.2022
"Türkmentelekom" EAK hünärmenleri tarapyndan Türkmenistanyň radio ýaýlymlaryny diňlemek üçin döredilen mobil goşundysy Google Play we App store internet dükanlarynda elýeterli
01.05.2022
"Türkmentelekom" EAK-sy domen üçin korporatiw poçta hyzmatyny hödürleýändigini habar berýär
28.04.2022
"Türkmentelekom" EAK-niň täze hyzmaty - fiziki serweriň kärendesi
22.04.2022
Ahal welaýatynyň ýaşaýjylary üçin telefon ulgamyna onlaýn-töleg etmek hyzmaty ýola goýuldy
18.03.2022
Türkmenistan we BMGÖM: Sanlylaşdyrmak ulgamynda hyzmatdaşlyk
20.12.2021
Ýetip gelýän Täze 2022-njy ýyl baýramyňyz gutly bolsun!
11.11.2021
«Türkmentel — 2021» XIV halkara maslahaty öz işine başlady
30.10.2021
“Türkmentelekom” EAK-yň kolokasiýa hyzmatynyň nyrhlary arzanlady
26.10.2021
Türkmenistan bilen Gazagystan, özara telekommunikasiýa ulgamlaryny birikdirmek boýunça ikitaraplaýyn ylalaşyga gol çekdi
08.10.2021
Russiýa Federasiýasynyň «Yandex» kompaniýasy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändigini mälim etdi
27.09.2021
«Aşgabat» SDAM-de çäksiz Wi-Fi hyzmaty ýola goýuldy
14.09.2021
«Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy Sizi ýene bir ýola Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy bilen gutlaýar
02.04.2021
Türkmenistan bilen Russiýa aragatnaşyk ulgamlary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmekçi
01.04.2021
Täze “Belet Film” hyzmatynyň kömegi bilen filmleri we seriýallary tomaşa etmek has aňsatlaşdy
04.01.2021
Türkmentelekom täze KVM hyzmatyny we Kolokasiýa üçin arzanladyşy hödürleýär
31.12.2020
Ýetip gelýän Täze 2021-nji ýyl baýramyňyz gutly bolsun
18.12.2020
Türkmenistanda "Sanly.tm" atly milli elektron-poçta hödürlendi
14.12.2020
«Türkmentelekom» Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan halkara sergä gatnaşdy
25.11.2020
“TürkmenTel-2020” XIII Halkara onlaýn konferensiýasynyň gysgaça mazmuny.
06.11.2020
“Türkmentelekom” döwlet edaralary we guramalary üçin nyrh meýilnamalarynyň bahalaryny arzanlatdy
26.10.2020
“Türkmentelekom” ýüridiki şahslar üçin intraneti hödürleýär
20.10.2020
“Türkmentelekom” elektrik aragatnaşyk kompaniýasy öz müşderilerine 071 tehniki goldaw hyzmatyny ýola goýdy.