02.11.2024
1-nji noýabrda «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynda türkmen manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň 31 ýyllygyna bagyşlanan «Türkmen manady ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň nyşanydyr» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa döwlet hem-de paýdarlar täjirçilik banklarynyň, maliýe-ykdysadyýet toplumynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň gün tertibine milli manadyň dolanyşyga girizilmegi netijesinde ýurdumyzda gazanylýan ykdysady üstünlikler, milli pul-karz syýasatynyň durmuşa geçirilişi, bank ulgamyna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy arkaly döwrebap bank hyzmatlarynyň ýola goýulmagy, elektron tölegler ulgamynyň kämilleşdirilmegi, halkara maliýe düzümleri bilen hyzmatdaşlyk ýaly meseleler girizildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şanly sene mynasybetli bank işgärlerine iberen Gutlagynda milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegi, kadaly pul dolanyşygynyň we ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatynyň netijeli alnyp barylmagy üçin zerur bolan amatly şertleri döredendigi bellenilýär. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, pul-karz syýasatynyň strategik ugurlary pul dolanyşygynyň durnuklylygyny, durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmekden, ilatyň maddy hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmakdan, milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny pugtalandyrmakdan, bank ulgamynyň halkara maliýe bazarlaryna utgaşykly goşulyşmagy üçin amatly makroykdysady şertleri döretmekden ybaratdyr.
Häzirki wagtda Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen, orta we uzak möhletlere niýetlenen toplumlaýyn milli maksatnamalar — «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy», «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bank ulgamyny kämilleşdirmek boýunça döwlet maksatnamasynda kesgitlenen çäreleriň çäklerinde bank amallarynyň täze görnüşlerini girizmek we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, telekeçilik işleriniň dolandyrylyşyny kämilleşdirmek, ipoteka karzlaşdyrylyşyny ösdürmek, banklaryň maliýe hasabatlylygyny halkara standartlaryň derejesine çykarmak, ulgamyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça anyk çäreler görülýär. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmak, daşary döwletleriň we türkmen telekeçileriniň maýa goýumlaryny çekmek üçin amatly şertleri döretmek, möhüm, strategik ähmiýetli iri taslamalary amala aşyrmak maksady bilen, ýaşaýyş jaý karzlarynyň möçberini artdyrmak ykdysady ösüşiň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.
Daşary ýurtlar bilen maliýe borçnamalaryny öz wagtynda ýerine ýetirmek ýurdumyzda maýa goýum syýasatynyň netijeli häsiýete eýediginiň esasy görkezijileriniň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan maýa goýum mümkinçiliklerini üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça halkara söwda hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine, birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, ynanyşmak ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan gatnaşyklaryň ösdürilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan bu ulgamda öňe sürlen başlangyçlar häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Maýa goýum işini kämilleşdirmek üçin ähli zerur şertler döredilýär. Türkmenistanyň maliýe-bank ulgamynda gazanýan üstünlikleriniň abraýly maliýe edaralary tarapyndan birnäçe gezek tassyklanandygyny nygtamak gerek.
Maslahata gatnaşyjylar netijeli dialogyň, ykdysady ulgamda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň täze ýollaryny gözlemegiň Türkmenistanyň halkara giňişlikde gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlar, şol sanda iri maliýe düzümleri bilen özara bähbitli gatnaşyklarynyň esasy bolup durýandygyny bellediler. Bank ulgamy üçin hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, ýaşlara döwrebap bilim bermek we geljekki ykdysatçylary ýetişdirmek babatda-da ähli mümkinçilikler döredilýär.
Maslahata gatnaşyjylar bu ulgamyň işgärleriniň öňünde durýan wezipeler barada aýtmak bilen, türkmen manadynyň töleg serişdesi hökmünde işjeň dolanyşygyny üpjün etmegiň, iri dünýä banklarynyň tejribesini özleşdirmegiň, maliýe ulgamynda halkara dolandyryş usullaryny ornaşdyrmagyň aýratyn ähmiýete eýedigini bellediler. Ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.
Şanly sene mynasybetli “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň eýwanynda sergi guraldy. Onda Garaşsyzlyk ýyllarynda gymmat bahaly metallardan ýasalan ýadygärlik teňňeler, milli şaý-sepler görkezildi.
13.12.2024
Türkmenistan DARYA maksatnamasy arkaly sebit we halkara gatnaşyklaryny ösdürýär
13.12.2024
«Marytelekom» WEAK-da «Sanly ulgama innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak» atly maslahat geçirildi
13.12.2024
Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
13.12.2024
Moskwada GDA-nyň çäginde ulag-logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy
13.12.2024
Belarus Liderinden Türkmenistanyň Prezidentine gutlag haty geldi
13.12.2024
Şawkat Mirziýoýew Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 29 ýyllygy bilen gutlady
12.12.2024
Abdulaziz Kamilow Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen hormatly adyna mynasyp boldy
12.12.2024
Daşoguz şäherinde “KamAZ” okuw-hyzmat merkezi açyldy
12.12.2024
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy — netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm şerti
12.12.2024
Belent ruhy ýörelgeleriň dowamatlylygy — Watanymyzyň rowaçlygynyň binýady
12.12.2024
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekilini kabul etdi
12.12.2024
Watanymyzyň sebitlerinde baýramçylyk mynasybetli täze binalar açyldy
11.12.2024
Türkmenistanyň ençeme raýatyna «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar gowşuryldy
11.12.2024
Türkmenistanda Belgiýa Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
11.12.2024
Türkmenistanda Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
11.12.2024
Türkmenistanda Daniýa Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
11.12.2024
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy bilen duşuşygy
11.12.2024
Ýaşulular — ýaş nesiller üçin nusgalyk görelde mekdebi
11.12.2024
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoratynyň Ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi
10.12.2024
Aşgabatda döwrebaplaşdyrma işlerinden soň «Ak ýol» bazary açyldy
10.12.2024
Aşgabatda aragatnaşyk pudagynyň hünärmenleri zähmet üstünliklerini beýan etdiler
10.12.2024
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million 680 müň dollaryna golaý boldy
10.12.2024
Türkmenistanda Efiopiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
10.12.2024
Türkmenistanda Estoniýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
09.12.2024
Türkmenistanda robototehnika bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglanyldy
09.12.2024
Türkmenistanyñ Döwlet gümrük gullugy gümrük edaralarynda aragatnaşygyñ netijeliligini ýokarlandyrmak üçin enjamlary aldy
09.12.2024
«Turkish Airlines-yň» saýtynda awiapetek almakdan başga-da köp hyzmatlar hödürlenýär
09.12.2024
«Türkmenenergo» Owganystanyň «Da Afghanistan Breshna Sherkat» kompaniýasy bilen goşmaça ylalaşyklary baglaşar
07.12.2024
Türkmenistanda 11 aýda JIÖ 6,3 göterim artdy
07.12.2024
Türkmenistanda bitaraplygyň 29 ýyllygyna bagyşlanyp aň-paýhas bäsleşigi geçirildi
07.12.2024
Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi
07.12.2024
Prezident ähli edara-kärhanalaryň işgärlerine 20-nji dekabra çenli aýlyk zähmet haklarynyň tölenilişine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy
07.12.2024
Mähri Bäşimowa Walette şäherinde birnäçe gepleşikleri geçirdi
06.12.2024
Aşgabatda ýadro ýaragyndan azat zolaklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça ýubileý maslahat geçirildi
06.12.2024
Aşgabatda Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň arasynda duşuşyk geçirildi
06.12.2024
Türkmenistan we Gazagystan göni howa gatnawyny gaýtadan dikeltmegi meýilleşdirýärler
06.12.2024
Türkmenistanda Oman Soltanlygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
06.12.2024
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
05.12.2024
Türkmenistan — Türkiýe: söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk işjeňleşdirilýär
05.12.2024
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri bilen duşuşygy
05.12.2024
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Bitewi suw” sammitindäki çykyşy
05.12.2024
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «Bitewi suw» sammitine gatnaşdy
05.12.2024
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň söwda ministrini kabul etdi
04.12.2024
Türkmen-eýran gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri maslahatlaşyldy
04.12.2024
Türkmen wekiliýeti Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Ministrler Geňeşiniň 28-nji mejlisine gatnaşdy
04.12.2024
Türkmenistanyň we Italiýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda gepleşikler geçirildi
04.12.2024
Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşyjylara
03.12.2024
Türkmenistanyň ilçihanasy Almatyda bilim alýan türkmen talyplar bilen duşuşyklary geçirdi
03.12.2024
Türkmenistanyň Gümrük gullugynyň okuw merkeziniň wekiliýeti Almatyda geçirilen maslahata gatnaşdy
03.12.2024
Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary telefon arkaly söhbetdeş boldular