Hytaý «Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe» ulag geçelgesine goşulmaga çagyrylýar


29.01.2024

Bu geçen hepde Pekinde «Özbekdemirýollary» paýdarlar geňeşiniň başlygy Zufar Narzullaýew bilen «Hytaý döwlet demirýollarynyň» başlygy Go Szuhuýeniň arasynda geçirilen duşuşykda aýdyldy diýlip, «nCa» tarapyndan habar berildi. Şeýle hem bu geçelgäniň geçirijilik ukybyny bilelikde ýokarlandyrmak teklip edilýär.

«Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe» ulag geçelgesi arkaly Aziýanyň we Ýewropanyň arasynda halkara multimodal ulag geçelgesini döretmek boýunça degişli Teswirnama 2023-nji ýylyň noýabr aýynda Daşkende gol çekildi.

Bu resminama Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlaryndan Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň we Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryna ýük daşamagy guramagy göz öňünde tutýar.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn