26.11.2024
Hormatly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!
Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli geçirilýän «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahatyň we serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk ulgamynyň işini kämilleşdirmäge, dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ulag diplomatiýasynyň hukuk esaslaryny berkitmekde, döwletimiziň ulag pudagynyň mümkinçiliklerini has-da pugtalandyrmakda, bu ugurda kanunçylygy kämilleşdirmekde we durmuşa geçirmekde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» möhüm ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň milli ulag syýasatynyň esasy ugurlaryny özünde jemleýän bu resminamada geljek ýyllarda ulag ulgamynda giň strategik maksatlary we çäreleriň toplumyny amala aşyrmak göz öňünde tutulandyr. Şeýle hem berkarar döwletimiziň üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini netijeli ulanmak arkaly birleşen multimodal üstaşyr ulag ulgamlaryny we geçelgelerini döretmek bu Maksatnamanyň esasy wezipeleriniň biridir.
Hormatly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylar!
Berkarar döwletimiz logistikany ösdürmäge we diwersifikasiýalaşdyrmaga möhüm ähmiýet berýär. Ulag-aragatnaşyk strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde Türkmenistan sebit we yklym ähmiýetli wajyp ulag-logistik merkez hökmünde eýeleýän ornuny barha pugtalandyrýar. 2023-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Milletler Bileleşigine agza ýurtlaryň biragyzdan goldamagynda 26-njy noýabryň «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edilmegi döwletimiziň öňe sürýän dünýä ähmiýetli başlangyçlarynyň giň goldawa eýe bolýandygynyň aýdyň güwäsidir. Bulardan başga-da, Türkmenistanyň başlangyjy bilen soňky birnäçe ýylyň dowamynda öňe sürülýän başlangyçlar Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan yzygiderli goldanylyp gelinýär. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ýurdumyzyň başlangyjy esasynda soňky döwürde kabul edilen 6 sany Kararnama muňa aýdyň şaýatlyk edýär.
Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzyň gatnaşmagynda we başlangyçlary esasynda dünýä üstaşyr ulag gatnawlary bilen baglanyşykly köp işler amala aşyrylýar. Demirgazyk — Günorta hem-de Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça hereket edýän halkara ulag we üstaşyr geçelgelerini döretmek hakynda Eýranyň, Omanyň, Kataryň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Hökümetleriniň arasynda Ylalaşyk (Aşgabat Ylalaşygy), üstaşyr ulag hyzmatdaşlygy hakynda “Lapis Lazuli” ugry boýunça Ylalaşyk, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýol geçelgesi, Ýewropa — Kawkaz — Aziýa halkara ulag geçelgesiniň (TRACECA) çäklerinde Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegi iň täze ulag tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, multimodal gatnawlary guramak we kämilleşdirmek boýunça düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär.
Häzirki döwürde ýurdumyz deňiz portunyň mümkinçiliklerini giňeltmekde, gämi gurluşygyny ilerletmekde, awtobanlary, demir ýol köprülerini, howa menzillerini gurmakda hem-de üstaşyr ulag mümkinçiliklerini artdyrmakda möhüm ähmiýetli birnäçe taslamalary amala aşyrýar. Bu halkara forumyň geçirilmegi durnukly ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge mümkinçilik berip, Türkmenistanyň halkara üstaşyr ulag ulgamlaryndaky ähmiýetini aýdyň görkezer. Türkmenistanyň Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ulag geçelgelerindäki ornuny, multimodal ýük geçirijilik boýunça innowasion mümkinçiliklerini dünýä ýaýmaga giň şert döreder. Häzirki döwürde ulag ulgamyndaky gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmak babatda Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlary bu ugurda tagallalary birleşdirmäge ýardam edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň bu ugra gönükdirilen sebit, yklym hem-de ählumumy derejedäki başlangyçlary Merkezi Aziýada we Hazar deňzi sebitinde üstaşyr ulag, logistika ulgamlarynyň döredilmeginde möhüm orny eýeledi.
Türkmenistan bu gün multimodal ulag-aragatnaşyk ulgamyny, şol sanda demir ýollar, awtoulag, deňiz ýollary, portlar ýaly üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek we goldamak üçin döwlet bilen hususy pudagyň hyzmatdaşlygyny has-da jebisleşdirmegiň, bu ugra maýa goýumlary çekmegiň möhümdiginden ugur alyp, bäsdeşlige ukyply milli logistika kompaniýalarynyň döredilmegine aýratyn üns berýär.
Ulag pudagynda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy berkitmek hem şu günüň wajyp wezipesidir. Bu işleriň barşynda ýurdumyz howa ulaglary pudagynda Halkara raýat awiasiýasy guramasy (ICAO), Halkara ulaglar assosiasiýasy (IATAA) we Ýewropanyň uçuşlaryň howpsuzlygy boýunça agentligi (EASA), awtomobil ulaglary pudagynda Halkara awtomobil ulaglary birleşigi (IRU), demir ýol ulaglary pudagynda Demir ýollaryň hyzmatdaşlyk guramasy (OSJD), deňiz we derýa ulaglary pudagynda Halkara Deňiz Guramasy (IMO) bilen hyzmatdaşlyk edýär. Hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýöriteleşdirilen okuwlary guramak, halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak, üpjünçilik ulgamlaryny netijeli ulanmak, döwrebaplaşdyrmak we halkara hukuk resminamalaryny taýýarlamak boýunça işler giň gerimde alnyp barylýar.
Hormatly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylar!
Içerki ulag pudagyny kämilleşdirmek, halkara ulag-logistika ulgamyna işjeň goşulyşmak, üstaşyr ýük daşamalardaky hereketleri işjeňleşdirmek milli ykdysadyýeti has-da ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir. Şoňa görä-de, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň belent münberinden bu meseleleri diňe bir milli ýa-da sebit derejesinde däl, eýsem, dünýä derejesinde hem üns berilmeli meseleler hökmünde öňe sürýär.
Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hil taýdan täze itergi bermäge gönükdirilen degişli Kararnamalary kabul etdi. Bu möhüm resminamalar Türkmenistanda ulag ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň halkara derejede goldanylýandygynyň aýdyň mysalydyr.
Hormatly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!
Sizi Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli geçirilýän «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahatyň we serginiň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.
20.01.2025
Türkmenistanyň synçylary Belarusyň prezident saýlawlarynyň monitoringine gatnaşýarlar
20.01.2025
Brýusselde türkmen sungatynyň ajaýyp milli önümleri görkezildi
20.01.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Monako Knýazlygyna sapar bilen ugrady
20.01.2025
Türkmenistanly Beýik Watançylyk urşunyň weterany 100 ýaşyny belledi
18.01.2025
Mejlisiň başlygy Ermenistanyň ilçisi bilen duşuşdy
18.01.2025
Türkmenistanyň Mejlisinde Özbegistanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
18.01.2025
Aşgabatda Owganystanyň önümleriniň sergisi we işewürler maslahaty geçiriler
18.01.2025
2025-nji ýylda aspirantura, doktorantura we kliniki ordinatura kabul ediljekleriň sany tassyklanyldy
18.01.2025
Aşgabatdaky asma ýoluň desgalarynda düýpli abatlaýyş işleri ýerine ýetiriler
18.01.2025
Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda göni howa gatnawyny ýola goýmak meselesi öwrenilýär
17.01.2025
Aragatnaşyk pudagynyň hünärmenleri «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşdylar
17.01.2025
Türkmenistan Sloweniýany Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny bellemäge çagyrdy
17.01.2025
Türkmenistan TDG-niň elektron rugsat ulgamyna goşular
16.01.2025
Türkmenistan Tähranda geçiriljek gaýtadan dikeldilýän energetika boýunça halkara sergisine gatnaşmaklyga çagyryldy
16.01.2025
Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň daşary işler ministrleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy
16.01.2025
Astrahanda Aşgabat we Türkmenbaşy şäherlerine howa gatnawlarynyň ýola goýulmagy maslahatlaşylýar
16.01.2025
Türkmenistan Owganystanyň ykdysadyýetiniň parahatçylykly dikeldilmegine täsirli goşant goşýar
16.01.2025
Türkmenistan Owganystandan uly mukdarda polat armatur satyn almagy meýilleşdirýär
16.01.2025
Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasaty — ählumumy abadançylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge goşant
16.01.2025
Arkadag şäheriniň medisina klasteriniň desgalarynyň gurluşygyny alyp barjak kärhanalar kesgitlendi
16.01.2025
Tatarystanyň Baştutany Türkmenistanyň Prezidentini täze ýyl bilen gutlady
15.01.2025
Gyzylarbatdaky dokma kärhanasynda 2024-nji ýylda 135 million manatlyga golaý iş edildi
15.01.2025
Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasy
15.01.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
15.01.2025
Türkmenistan, Gazagystan we Özbegistan Merkezi Aziýanyň jemi içerki önüminiň 95%-ini emele getirýär
15.01.2025
«ÇaparPay-da» täze hyzmat: öý telefony üçin onlaýn töleg
15.01.2025
Aşgabat we Rim hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar
15.01.2025
15-nji ýanwardan Türkmenistan-Eýran serhedindäki geçelgeleriň iş wagty bir ýarym sagat uzaldylýar
15.01.2025
Türkmenistanda döwlet emläginiň kärendesine berilmeginiň düzgünleri üýtgedi
15.01.2025
«Petronas Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy işe çagyrýar
15.01.2025
Türkmenistanyň gümrük işgärleriniň wekiliýeti Dubaý şäherinde iş sapary bilen boldy
15.01.2025
QazaqGaz we ADNOC Türkmenistanda gazyň gözleg işleri boýunça bilelikdäki taslamalary ara alyp maslahatlaşdylar
15.01.2025
«Galkynyş» topary Monakadaky sirk festiwalynda çykyş eder
14.01.2025
2024-nji ýylda «Guwlyduz» kärhanasynda gazylyp alnan duzuň möçberi 97,6 müň tonna golaýlady
14.01.2025
Türkmenabadyň himiýa kärhanasynda 2024-nji ýylda ýokary görkezijiler gazanyldy
14.01.2025
2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygarynyň şanyna dabara
14.01.2025
Türkmenistan we Saud Arabystanynyň arasynda 2025-nji ýylda berjaý ediljek haj zyýaraty bilen baglanyşykly Ylalaşyga gol çekildi
13.01.2025
Türkmenistan iňlis dili mugallymlaryň taýýarlanyşyny kämilleşdirýär
13.01.2025
Türkmen ilçisi Kataryň Doha Ylym we Tehnologiýa uniwersitetiniň rektory bilen dusuşyk geçirdi
13.01.2025
Türkmenistan "Aquatech Amsterdam 2025" halkara ýarmarkasyna gatnaşmaga çagyryldy
13.01.2025
Microsoft we Amazon emeli aň üçin ekologiýa taýdan arassa energiýanyň gözleginde
13.01.2025
Türkmen-eýran serhedinde ulag gatnawyny ösdürmek boýunça gepleşikler geçirildi
13.01.2025
Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Bütindünýä hindi dili güni bellenildi
11.01.2025
«Türkmenawtoulaglary» agentligi Hytaýdan 700 sany täze awtobuslary satyn alar
11.01.2025
Şu ýyl Türkmenistanda döwrebap obalar we şäherçeler, täze desgalar açylar
11.01.2025
Türkmenistanyň muzeý işgärleri 2025-nji ýylda gymmatly eksponatlary toplamak üçin ýerlerde iş saparlarynda bolar
11.01.2025
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň 2024-nji ýyldaky jemleýji sany okyjylara ýetirildi
11.01.2025
Türkmenistanlylar Russiýa we Belarus döwletlerine bir wiza bilen syýahat edip bilerler
11.01.2025
Arkadag şäherinde Çeper halyçylyk kärhanasy hem-de Türkmen halysynyň we el işleriniň milli muzeýi gurlar
11.01.2025
Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetine ýerli gurluşyk kärhanalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi