«Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy Sizi ýene bir ýola Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy bilen gutlaýar


14.09.2021

Hormatly müşderiler!

2021-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygyna 30 ýyl bolýar. Biz Sizi Türkmenistanyň baş baýramy – Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys! Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda, ýagny 1993-nji ýylyň 7-nji aprelinde döredilen «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy geçen ýyllaryň dowamynda öz müşderilerine hyzmatlaryň döwrebap, täze görnüşlerini yzygiderli hödürledi. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça uly üstünlikler gazanylyp, belent sepgitlere ýetildi. Hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäde çalt depginler bilen ösýän döwletleriň hataryna goşuldy. Eziz Watanymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny arşa göteren hem-de jemgyýetimizi beýik maksatlaryň töweregine birleşdiren başga-da ençeme giň gerimli işler amala aşyryldy. Geçen ýyllaryň dowamynda ýurdumyz möhüm ähmiýetli syýasy, ykdysady, medeni wakalar bilen şöhratlandy. Garaşsyzlyk bize ata-babalarymyzyň özbaşdak döwlet gurmak baradaky arzuwlaryny amala aşyrmaga mümkinçilik döretdi. Döwlet Garaşsyzlygymyz halkymyzyň öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan maddy we ruhy gymmatlyklaryny, nesilden-nesle geçip gelýän beýik ynsanperwerlik däplerini gaýtaryp berdi. «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy Sizi şanly Garaşsyzlygymyzyň 30-ýyllyk baýramy bilen gutlaýar. Janyňyz sag, işleriňiz rowaçlyklara beslensin!

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn