02.04.2021
Türkmenistanyň döwlet wekiliýetiniň Moskwa şäherindäki saparynyň dowamynda “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýew bilen Russiýa Federasiýasynyň Sanly ösüş, aragatnaşyk we köpçülikleýin habar beriş ministrliginiň, “Rostelekom” APJ-niň, Moskwanyň aragatnaşyk we informatika tehniki uniwersitetiniň, “Russiýanyň poçtasy” PJ-niň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyklar geçirildi. Türkmenistan tranzit ýol ugurlaryny ösdürmek, MAT (maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary) we kiber-howpsuzlyk boýunça ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak, sanly ykdysadyýetde tejribe alyşmak, elektron hökümeti ornaşdyrmak, DATA Center- Maglumat merkezini döretmek we beýleki ugurlar boýunça Russiýa Federasiýasy bilen özara gatnaşyklara uly gyzyklanma bildirýär. Russiýa Federasiýasynyň Sanly ösüş, aragatnaşyk we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ministri Maksut Şadaýew bilen geçirilen duşuşykda “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan IP platformasynda DWDM enjamlaryny hem-de sebitleýin ugur torlaryny ulanyp, esasy ugur torlaryny giňeltmek boýunça, ýurtda ykjam aragatnaşygy ösdürmek boýunça hem-de halkara ugurlary diwersifikasiýasy we maglumatlary geçirmek islegi artýan beýleki taslamalar. Türkmenistan ýedi halkara aragatnaşyk birleşmelerine eýe bolup durýar: bar - Eýran, Gazagystan, Özbegistan we dördüsi Owganystan bilen, şol sanda Russiýa ýolunyň Owganystana, Eýrana, Özbegistana geçirilmeginiň mümkinçiligi bardyr. “Türkmenaragatnaşyk” agentligi Rostelekom, Russiýanyň poçtasy, Gündogar ýeli, Nowokart ýaly rus kompaniýalary bilen netijeli işleri alyp barýar we “Roskomnadzor” (Aragatnaşyk, maglumat tehnologiýasy we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri pudagynda federal gözegçilik gullugy) bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirýär. “Türkmenaragatnaşyk” agentligi “Rostelekom” kompaniýasy bilen 2006-njy ýyldan bäri, ýagny Halkara hasaplaşyklar merkezi (HHM) bilen şertnama baglaşylandan bäri iş alyp barýar. Agentligiň başlygy kompaniýanyň prezidenti Mihail Oseýewskiý bilen geçiren duşuşygynda ýurtda satyn alynýan möçberiň esasy böleginiň Rostelekom kompaniýasy tarapyndan üpjün edilýän internet ugry bolup durýandygyny we soňky üç ýylda bu möçberiň dört esse artandygyny, ýagny 40G/bite ýetendigini belledi. “Akylly” şäherleriň döredilmegi - Türkmenistanyň “Rostelekom” kompaniýasynyň tejribesi we innowasiýa çözgütleri bilen gyzyklanýan ýene bir möhüm ugry bolup durýar. “Russiýanyň poçtasy” PJ-niň baş direktory Maksim Akinin bilen geçirilen duşuşykda “Türkmenpoçta” kompaniýasy bilen durnukly hyzmatdaşlygyň ýöredilýändigi bellenildi we hyzmatdaşlygyň bu ugruny giňeltmek islegi beýan edildi. Iki operatoryň arasynda Türkmenistanyň awialiniýalary arkaly islendik geçiş ugurlaryndan aýlanyp geçmek bilen göni poçta alyş-çalşygynyň gaýtadan dikeldilmegi, “Türkmenpoçta” üsti bilen eksport harytlarynyň, şol sanda dokma önümleriniň üpjün edilmegi boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. “Russiýanyň poçtasy” we “Türkmenpoçta” onlaýn dükanlarynda satyljak önümleri özara ýerleşdirmek barada teklipler hem berildi. “Russiýanyň poçtasy” PJ-niň poçta önümleriniň ýapyk gaplarda Eýrana, Owganystana, Özbegistana tranzit görnüşinde daşamagy guramaga taýýardygy bellendi. “Türkmenaragatnaşyk” agentliniň başlygy bilen Moskwanyň aragatnaşyk we informatika tehniki uniwersitetiniň (MAITU) rektory Sergeý Ýerohiniň arasyndaky duşuşygyň esasy temasy hünärmenleri taýýarlamak meselesi boldy. Şol sanda MAITU bilen Türkmenistanyň telekommunikasiýa we informatika Institutynyň arasynda maglumat howpsuzlygy we MAT boýunça mugallymlaryň we hünärmenleriň hünär derejesini kämilleşdirmek ugrunda hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirdiler. Russiýanyň aragatnaşyk edaralarynyň we kompaniýalarynyň ýolbaşçylary şu ýylyň noýabr aýynda Aşgabat şäherinde geçiriljek we Türkmenistanda amala aşyrylýan taslamalara gatnaşmak isleýän rus kompaniýalary üçin amatly ugur hökmünde garalyp bilinjek “Türkmentel-2021” XIV halkara sergi we ylmy maslahata çagyryldy.
11.05.2022
"Türkmentelekom" EAK hünärmenleri tarapyndan Türkmenistanyň radio ýaýlymlaryny diňlemek üçin döredilen mobil goşundysy Google Play we App store internet dükanlarynda elýeterli
01.05.2022
"Türkmentelekom" EAK-sy domen üçin korporatiw poçta hyzmatyny hödürleýändigini habar berýär
28.04.2022
"Türkmentelekom" EAK-niň täze hyzmaty - fiziki serweriň kärendesi
22.04.2022
Ahal welaýatynyň ýaşaýjylary üçin telefon ulgamyna onlaýn-töleg etmek hyzmaty ýola goýuldy
18.03.2022
Türkmenistan we BMGÖM: Sanlylaşdyrmak ulgamynda hyzmatdaşlyk
20.12.2021
Ýetip gelýän Täze 2022-njy ýyl baýramyňyz gutly bolsun!
11.11.2021
«Türkmentel — 2021» XIV halkara maslahaty öz işine başlady
30.10.2021
“Türkmentelekom” EAK-yň kolokasiýa hyzmatynyň nyrhlary arzanlady
26.10.2021
Türkmenistan bilen Gazagystan, özara telekommunikasiýa ulgamlaryny birikdirmek boýunça ikitaraplaýyn ylalaşyga gol çekdi
08.10.2021
Russiýa Federasiýasynyň «Yandex» kompaniýasy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändigini mälim etdi
27.09.2021
«Aşgabat» SDAM-de çäksiz Wi-Fi hyzmaty ýola goýuldy
14.09.2021
«Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy Sizi ýene bir ýola Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy bilen gutlaýar
01.04.2021
Täze “Belet Film” hyzmatynyň kömegi bilen filmleri we seriýallary tomaşa etmek has aňsatlaşdy
04.01.2021
Türkmentelekom täze KVM hyzmatyny we Kolokasiýa üçin arzanladyşy hödürleýär
31.12.2020
Ýetip gelýän Täze 2021-nji ýyl baýramyňyz gutly bolsun
18.12.2020
Türkmenistanda "Sanly.tm" atly milli elektron-poçta hödürlendi
14.12.2020
«Türkmentelekom» Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan halkara sergä gatnaşdy
25.11.2020
“TürkmenTel-2020” XIII Halkara onlaýn konferensiýasynyň gysgaça mazmuny.
06.11.2020
“Türkmentelekom” döwlet edaralary we guramalary üçin nyrh meýilnamalarynyň bahalaryny arzanlatdy
26.10.2020
“Türkmentelekom” ýüridiki şahslar üçin intraneti hödürleýär
20.10.2020
“Türkmentelekom” elektrik aragatnaşyk kompaniýasy öz müşderilerine 071 tehniki goldaw hyzmatyny ýola goýdy.
16.09.2020
“Türkmentelekomyň” «Colocation» hyzmatynyň artykmaçlyklary
26.12.2019
Ýetip gelýän Täze 2020-nji ýyl baýramyňyz gutly bolsun!
29.11.2019
Döwlet hyzmatlarynyň resmi internet portaly işe girizildi
29.11.2019
Ilat üçin trafigiň çäklendirilmedik görnüşinde täze nyrhnama
28.11.2019
Türkmenistan — Azerbaýjan Respublikasy arkalaşyp Hazaryň düýbünde optika-süýmlerini ulanmak boýunça ylalaşygy gol çekildi
28.11.2019
"Türkmentel-2019" halkara sergisi tamamlandy
24.10.2019
«Türkmentel-2019» halkara sergisi
22.07.2019
Biziň web sahypymyzda domen anyklamak mümkinçiligi döredildi
21.05.2019
Satyn almak barada ýörite habar
02.01.2019
Internet hasabyňy doldurmagyň täze usuly
26.12.2018
Ýetip gelýän Täze 2019-njy ýyl baýramyňyz gutly bolsun!
01.12.2018
Şahsy otagda internet nyrhnama meýilnamasynyň üýtgemesiniň instruksiýasy
01.12.2018
"Türkmentelekom" DEAK-nyň hyzmatlaryny sazlamak işleri boýunça onlaýn sargyt kabul edilişi
11.11.2018
Türkmenistanyň Prezidenti Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna gatnaşyjylary gutlady
01.11.2018
Edara kärhanalar we telekeçiler üçin täze nyrhnamalar
01.11.2018
Ilat üçin trafigiň çäklendirilmedik görnüşinde täze nyrhnama
08.09.2018
Ilat üçin trafigiň möçberiniň çäklendirilmedik görnüşinde täze nyrhnamalar
13.06.2018
Bölünip berlen wirtual serwerleriň täze nyrhnamalary
30.05.2018
Çäksiz Wi-Fi ulgamynyň jemgyýetçilik ýerlerinde ulanmagyň täze nyrhnamalary
02.05.2018
Ýuridiki şahslar üçin täze nyrhnamalar
09.03.2018
Türkmenistanyň bank kartlarynyň üsti bilen öz şahsy “Töleg kody” esasynda hasaplaşyk geçirmäge mümkinçiligiňiziň bardygyny “Türkmentelekom” DEAK-sy Siziň dykgatyňyza ýetirýär