10.01.2025
9-njy ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň hem-de Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döredilen guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisini geçirdi. Bu topara Türkmenistanyň Halk Maslahaty başlyklyk edýär.
Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, mejlise gatnaşyjylary täze ýyla gadam basylmagy bilen gutlap, ata Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barjak işlerinde üstünlikleri, 2025-nji ýylyň ýurdumyz üçin ösüşlere we rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri şu ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli öňde duran wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak barada karara gelendigini aýtdy. Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň halkara bileleşigiň jogapkärli agzasy bolmak bilen, parahatçylyk söýüji, oňyn daşary syýasaty alyp barýandygyny, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigini belledi. Bu bolsa dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi goldamakda hem-de berkitmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň geçen ýylyň ahyrynda geçirilen giňişleýin mejlisinde 2025-nji ýylyň şygary “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Milli Liderimiz bu ýylda Garaşsyz ýurdumyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň giňden toýlanyljakdygyny, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde birnäçe halkara çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýtdy. “Ýakynda gol çekilen Permanyň esasynda bu ugurda döredilen guramaçylyk döwlet toparyna Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýolbaşçylyk edýär. Biz bu baýramçylyk dabaralaryny we halkara çäreleri ýokary derejede geçirmek üçin ähli tagallalary ederis. Ýurdumyzyň asuda, abadan we bagtyýar durmuşyna gönükdirilen asylly işlere mynasyp goşant goşarys” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi we şol çäreleri ýokary derejede geçirmek bilen baglanyşykly guramaçylyk meselelerine ünsi çekdi.
Gahryman Arkadagymyz Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýüzlenip, geçiriljek çäreler bilen bagly ýurdumyzyň kada-kanunçylyk işini kämilleşdirmegiň, ilatyň arasynda wagyz-nesihat işlerini giňden ýola goýmagyň möhümdigini aýtdy hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow we Merkezi bankyň başlygy bilen bilelikde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýubileý medalynyň we ýadygärlik nyşanyň taslamasyny taýýarlamak boýunça işleriň geçirilmelidigini belledi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wise-premýer H.Geldimyradowa öňde boljak çäreleri geçirmek bilen bagly zerur maliýe işleriniň bökdençsiz amala aşyrylmagyny üpjün etmegi, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanowa bolsa ýubileý ýyly bilen bagly geçiriljek çäreleriň guramaçylyk meselelerine zerur bolan ýardamy bermegi tabşyrdy.
Soňra Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewe ýüzlenip, ýubileý ýyly mynasybetli baýramçylyk saçaklaryny bezejek naz-nygmatly harytlar, milli tagamlar bilen bagly degişli teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy. Gahryman Arkadagymyz çäreleriň geçirilýän döwründe dürli görnüşli, ýokary hilli azyk harytlary, şol sanda çörek we çörek önümleri, gök-bakja önümleri, dürli miweli içgiler, suwlar bilen üpjünçiligi üns merkezinde saklamagyň möhümdigini belledi. Şunuň bilen birlikde, türkmen halkynyň Milli Lideri azyk önümleriniň gaplarynyň bezegine-de aýratyn üns bermegi, olarda ýylyň şygarynyň we nyşanynyň gelşikli ýerleşdirilmegine gözegçilik etmegiň zerurdygyny nygtady. Şeýle-de wise-premýere ýurdumyzy, aýratyn-da, paýtagtymyzy bagy-bossanlyga öwürmek bilen, arassaçylygy, abadançylygy üpjün etmegi tabşyrdy.
Gahryman Arkadagymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedowa ýüzlenip, çäreleriň geçirilýän günlerinde paýtagtymyzyň ilatynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almagy üçin has amatly şertleriň döredilmegini, bu möhüm senä taýýarlyk görmek bilen bagly Aşgabadyň abadanlaşdyrylmagyny, ýylyň şygary bilen baglanyşykly bezeg işleriniň geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Halk Maslahatynyň Başlygy şanly sene mynasybetli sowgatlyk harytlar baradaky meselä geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda toplumyna gözegçilik edýän orunbasary N.Atagulyýewe Aşgabat şäherinde hem-de welaýatlarda söwda nokatlaryny açyp, olarda dürli görnüşli harytlaryň, şol sanda milli sowgatlyk we ýadygärlik harytlaryň söwdasynyň ýokary hilli guralmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle-de hormatly Arkadagymyz dokma kärhanalarynyň şanly sene bilen bagly sowgatlyk önümleri öndürmelidiklerini aýtdy, wise-premýere geçiriljek çärelere bagyşlanan sergileri ýokary derejede taýýarlamak üçin zerur bolan ýardamy bermegi, halkara çärelere gatnaşyjylaryň hormatyna beriljek günortanlyk we agşamlyk naharlaryny ýokary derejede guramagy tabşyrdy.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary M.Mämmedowa ýüzlenip, medeniýet edaralary tarapyndan ýubileý ýyly bilen bagly geçiriljek medeni-köpçülikleýin, baýramçylyk çäreleriniň, teatr sahnalarynyň ýokary derejede guralmagyny, şanly senä bagyşlanan maslahatlarda medeniýet bilen bagly ähli meselelere seredilmegini, çäreleriň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýokary derejede beýan edilmegini üpjün etmek barada tabşyryklary berdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi dowam edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa geçiriljek çäreler bilen bagly halkara ylmy-amaly maslahatlary guramak boýunça degişli teklipleri taýýarlamagy, ýokary okuw mekdeplerinde şanly senä degişli okuw sapaklaryny yzygiderli guramagy tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, halkara çäreleriň geçirilýän hem-de myhmanlaryň bolýan ýerlerinde sanitariýa we arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilmegini üpjün etmek boýunça ähli zerur çäreleri görmegiň zerurdygyna üns çekildi.
Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa ýüzlenip, hemişe bolşy ýaly, bu halkara çäreleri hem ýokary derejede, guramaçylykly geçirmek üçin gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz wise-premýer, daşary işler ministrine halkara çäreler bilen ugurdaş çäreleri guramaçylykly, many-mazmun taýdan ýokary derejede geçirmek üçin degişli işleri alyp barmagy, olaryň protokol-guramaçylyk meselelerini utgaşdyrmak wezipesini ýerine ýetirmegi tabşyrdy.
Halk Maslahatynyň Başlygy wise-premýer, daşary işler ministrine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary bilen bilelikde halkara çäreleriň maksatnamasyny işläp taýýarlamak üçin ähli zerur işleri ýerine ýetirmegi hem-de olara gatnaşmagy göz öňünde tutulýan daşary ýurt wekiliýetleriniň sanawyny anyklamak bilen bagly degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Gahryman Arkadagymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, degişli Permana laýyklykda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowyň guramaçylyk döwlet toparynyň başlygynyň orunbasary bolup durýandygyny aýtdy we şunuň bilen baglylykda, toparyň agzalaryna göz öňünde tutulýan halkara çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin ähli meseleleri R.Meredowyň üsti bilen utgaşdyrmagy tabşyrdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri halkara çäreler bilen bagly ulag-aragatnaşyk meselelerine ünsi çekip, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewe çärelere gatnaşjak myhmanlary ýörite howa gatnawlary bilen getirmek, alyp gitmek, garşy almak we ugratmak işlerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şunuň bilen bir hatarda, Gahryman Arkadagymyz ýokary hilli aragatnaşyk, internet hyzmatlaryny guramagyň, ýokary derejedäki resmi wekiliýet agzalaryny awtoulaglar bilen üpjün etmegiň möhümdigini belledi.
Hormatly Arkadagymyz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýändigini, bu ugurda ýurdumyzda halkara derejede netijeli işleriň amala aşyrylýandygyny belledi. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreleriň üsti bilen merdana halkymyzyň asylly däp-dessurlaryny, myhmansöýerligini, eziz Diýarymyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösýändigini we ynamly öňe barýandygyny bütin dünýä aýdyň görkezmelidiris” diýip, Milli Liderimiz aýtdy hem-de Diýarymyzda Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde geçiriljek halkara çäreleriň dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmek, Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmäge goşant goşmak babatda möhüm waka boljakdygyna berk ynam bildirdi.
Gahryman Arkadagymyz şu günki mejlisiň gün tertibine girizilen meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny belledi we öňde möhüm wezipeleriň durýandygyna ünsi çekdi. “Bu wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak üçin bizde ähli mümkinçilikler bar. Şoňa görä-de, biziň her birimiz öz borjumyza örän jogapkärli garap, bu çäreleri ýokary derejede geçirmelidiris. Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny öňküden-de ýokarlandyrmak ugrunda ähli zerur çäreleri görmelidiris” diýip, Milli Liderimiz nygtady.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri, guramaçylyk döwlet toparynyň utgaşdyryjysy R.Meredow çykyş etdi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, milletiň atasy Gahryman Arkadagymyzyň şu gün geçirýän döwletli maslahatynyň ähmiýetini nygtady. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet topary döredildi. Gahryman Arkadagymyz toparyň öňünde durýan wezipeleri kesgitläp, olary üstünlikli durmuşa geçirmek babatda gymmatly öwüt-nesihatlaryny, maslahatlaryny berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri şanly seneler mynasybetli halkara çäreleriň maksatnamasyny işläp taýýarlamak, olaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi üçin ähli zerur tagallalaryň ediljekdigine ynandyrdy.
Gahryman Arkadagymyz geçiriljek halkara çäreler bilen baglylykda, mejlise gatnaşyjylaryň hersine öz gözegçilik edýän ulgamlary boýunça BMG-niň degişli düzüm birlikleri bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegi tabşyrdy.
Häzirki wagtda ýurdumyz parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerine berk eýerip, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär we bu iri halkara guramanyň umumadamzat ähmiýetli maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirýär. Şunuň bilen baglylykda, bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, ýakyn günlerde guramaçylyk döwlet toparynyň agzalary saparda bolarlar. Şeýle hem Milli Liderimiz toparyň agzalaryna bilelikde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly toýuny ýokary derejede geçirmek boýunça konsepsiýany taýýarlamagy tabşyrdy hem-de öňde durýan wezipeleriň ýerine ýetirilmegine jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreler bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanan mejlisi tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
20.01.2025
Türkmenistanyň synçylary Belarusyň prezident saýlawlarynyň monitoringine gatnaşýarlar
20.01.2025
Brýusselde türkmen sungatynyň ajaýyp milli önümleri görkezildi
20.01.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Monako Knýazlygyna sapar bilen ugrady
20.01.2025
Türkmenistanly Beýik Watançylyk urşunyň weterany 100 ýaşyny belledi
18.01.2025
Mejlisiň başlygy Ermenistanyň ilçisi bilen duşuşdy
18.01.2025
Türkmenistanyň Mejlisinde Özbegistanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
18.01.2025
Aşgabatda Owganystanyň önümleriniň sergisi we işewürler maslahaty geçiriler
18.01.2025
2025-nji ýylda aspirantura, doktorantura we kliniki ordinatura kabul ediljekleriň sany tassyklanyldy
18.01.2025
Aşgabatdaky asma ýoluň desgalarynda düýpli abatlaýyş işleri ýerine ýetiriler
18.01.2025
Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda göni howa gatnawyny ýola goýmak meselesi öwrenilýär
17.01.2025
Aragatnaşyk pudagynyň hünärmenleri «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşdylar
17.01.2025
Türkmenistan Sloweniýany Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny bellemäge çagyrdy
17.01.2025
Türkmenistan TDG-niň elektron rugsat ulgamyna goşular
16.01.2025
Türkmenistan Tähranda geçiriljek gaýtadan dikeldilýän energetika boýunça halkara sergisine gatnaşmaklyga çagyryldy
16.01.2025
Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň daşary işler ministrleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy
16.01.2025
Astrahanda Aşgabat we Türkmenbaşy şäherlerine howa gatnawlarynyň ýola goýulmagy maslahatlaşylýar
16.01.2025
Türkmenistan Owganystanyň ykdysadyýetiniň parahatçylykly dikeldilmegine täsirli goşant goşýar
16.01.2025
Türkmenistan Owganystandan uly mukdarda polat armatur satyn almagy meýilleşdirýär
16.01.2025
Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasaty — ählumumy abadançylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge goşant
16.01.2025
Arkadag şäheriniň medisina klasteriniň desgalarynyň gurluşygyny alyp barjak kärhanalar kesgitlendi
16.01.2025
Tatarystanyň Baştutany Türkmenistanyň Prezidentini täze ýyl bilen gutlady
15.01.2025
Gyzylarbatdaky dokma kärhanasynda 2024-nji ýylda 135 million manatlyga golaý iş edildi
15.01.2025
Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasy
15.01.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
15.01.2025
Türkmenistan, Gazagystan we Özbegistan Merkezi Aziýanyň jemi içerki önüminiň 95%-ini emele getirýär
15.01.2025
«ÇaparPay-da» täze hyzmat: öý telefony üçin onlaýn töleg
15.01.2025
Aşgabat we Rim hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar
15.01.2025
15-nji ýanwardan Türkmenistan-Eýran serhedindäki geçelgeleriň iş wagty bir ýarym sagat uzaldylýar
15.01.2025
Türkmenistanda döwlet emläginiň kärendesine berilmeginiň düzgünleri üýtgedi
15.01.2025
«Petronas Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy işe çagyrýar
15.01.2025
Türkmenistanyň gümrük işgärleriniň wekiliýeti Dubaý şäherinde iş sapary bilen boldy
15.01.2025
QazaqGaz we ADNOC Türkmenistanda gazyň gözleg işleri boýunça bilelikdäki taslamalary ara alyp maslahatlaşdylar
15.01.2025
«Galkynyş» topary Monakadaky sirk festiwalynda çykyş eder
14.01.2025
2024-nji ýylda «Guwlyduz» kärhanasynda gazylyp alnan duzuň möçberi 97,6 müň tonna golaýlady
14.01.2025
Türkmenabadyň himiýa kärhanasynda 2024-nji ýylda ýokary görkezijiler gazanyldy
14.01.2025
2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygarynyň şanyna dabara
14.01.2025
Türkmenistan we Saud Arabystanynyň arasynda 2025-nji ýylda berjaý ediljek haj zyýaraty bilen baglanyşykly Ylalaşyga gol çekildi
13.01.2025
Türkmenistan iňlis dili mugallymlaryň taýýarlanyşyny kämilleşdirýär
13.01.2025
Türkmen ilçisi Kataryň Doha Ylym we Tehnologiýa uniwersitetiniň rektory bilen dusuşyk geçirdi
13.01.2025
Türkmenistan "Aquatech Amsterdam 2025" halkara ýarmarkasyna gatnaşmaga çagyryldy
13.01.2025
Microsoft we Amazon emeli aň üçin ekologiýa taýdan arassa energiýanyň gözleginde
13.01.2025
Türkmen-eýran serhedinde ulag gatnawyny ösdürmek boýunça gepleşikler geçirildi
13.01.2025
Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Bütindünýä hindi dili güni bellenildi
11.01.2025
«Türkmenawtoulaglary» agentligi Hytaýdan 700 sany täze awtobuslary satyn alar
11.01.2025
Şu ýyl Türkmenistanda döwrebap obalar we şäherçeler, täze desgalar açylar
11.01.2025
Türkmenistanyň muzeý işgärleri 2025-nji ýylda gymmatly eksponatlary toplamak üçin ýerlerde iş saparlarynda bolar
11.01.2025
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň 2024-nji ýyldaky jemleýji sany okyjylara ýetirildi
11.01.2025
Türkmenistanlylar Russiýa we Belarus döwletlerine bir wiza bilen syýahat edip bilerler
11.01.2025
Arkadag şäherinde Çeper halyçylyk kärhanasy hem-de Türkmen halysynyň we el işleriniň milli muzeýi gurlar
11.01.2025
Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetine ýerli gurluşyk kärhanalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi