14.01.2025
13-nji ýanwarda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli “Arkadagly Serdaryň dünýä uzan ak ýoly — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa Hökümet agzalary, Mejlisiň, Halk Maslahatynyň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ylym, döredijilik intelligensiýasynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Mukamlar köşgüniň eýwanynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny, Bitaraplygyny, berkarar türkmen döwletiniň abadan durmuşyny şöhlelendirýän hem-de halkymyzyň taryhyndan söz açýan amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy.
Dabaraly maslahatyň başynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly goşgusyna döredilen aýdym ýerine ýetirildi. Gahryman Arkadagymyzyň bu ajaýyp eserinde Garaşsyz Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilik, bitaraplyk, dost-doganlyk ýörelgeleri, ählumumy abadançylygyň bähbidine öňe sürýän başlangyçlary şahyrana beýan edilýär.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamany 86 döwletiň awtordaş bolup çykyş etmeginde biragyzdan kabul etdi. Munuň özi ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen işleriniň ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň 27-nji dekabrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde Watanymyzda 2025-nji ýylyň şygary «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Bu şygar Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmetkeş toparlaryndan, raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipleriň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusynyň esasynda, Milli Liderimiziň gymmatly maslahatlaryna eýerip hem-de Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli öňe sürüldi.
2025-nji ýylyň nyşanynda hemişelik Bitarap Watanymyzyň ösüşlerini alamatlandyrýan ýaşyl, dik ýokary ösýän, güýçli kökleri bolan, şahalary asmana ümzük atýan derek agajynyň ýerleşdirilmegi, Garaşsyzlygy hem Bitaraplygy alamatlandyrýan baýdaklary, ganatlary bilen penalap uçup barýan ak reňkli laçynyň şekiliniň bolmagy, parahatçylyk söýüji ýurdumyzyň Bitaraplygynyň BMG tarapyndan iki gezek ykrar edilendigini aňladýan zeýtun baldajyklarynyň bolmagy oňa çuň manyly öwüşgin berýär. Nyşanda Gahryman Arkadagymyzyň nesihatlaryndan ugur alnyp, ýaşyl reňk mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, gök reňk bolsa hemişelik Bitaraplygymyzyň alamaty hökmünde, türkmen laçynynyň bir ganaty ýaşyl reňkde, ikinjisi bolsa gök reňkde ýerine ýetirilipdir.
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan dünýäde parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, halkara guramalaryň çäklerinde umumadamzat bähbitli başlangyçlary we teklipleri öňe sürýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan, deňhukuklylyk, özara düşünişmek, hoşniýetli goňşuçylyk, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatymyzyň, ýurdumyzyň dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek boýunça halkara başlangyçlarynyň yzygiderli ilerledilýändigi bellenildi. Dabaraly maslahata gatnaşyjylar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli geçiriljek dabaralaryň eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bilen utgaşýandygyna aýratyn ünsi çekip, munuň 2025-nji ýylyň ähmiýetini has-da artdyrjakdygyny, onuň şöhratly taryhymyza altyn harplar bilen ýazyljakdygyny nygtadylar.
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň bütin dünýäde abadançylygy berkarar etmäge gönükdirilen tagallalaryna işjeň gatnaşmak bilen, Ýer ýüzünde parahatçylygyň, howpsuzlygyň binýadyny pugtalandyrmakda, syýasy-diplomatik, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň netijeli görnüşlerini işläp taýýarlamakda halkara giňişlikdäki işjeň ornuny barha berkidýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öz üstüne alan halkara borçnamalaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny görkezýän Bitarap ýurdumyz tutuş sebitiň we dünýäniň parahatçylyk döredijilik merkezi hökmünde ykrar edildi. Türkmenistanyň başlangyçlary boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnamalaryň birnäçesi, şol sanda 12-nji dekabryň «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan edilmegi, «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny», «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny», «2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly», «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy», «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamalar hem munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär. Munuň özi Milletler Bileleşiginiň Türkmenistanyň jogapkärli strategik hyzmatdaş hökmünde häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge goşýan goşandyna, ýurdumyzyň bütin dünýäde parahatçylygy we abadançylygy üpjün etmek ugrunda durmuşa geçirýän daşary syýasatyna ýokary baha berýändiginiň nyşanydyr.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda geçirilýän her bir dabara sungat ussatlarynyň, aýdym-saz we folklor toparlarynyň şanly wakalara aýratyn öwüşgin çaýýan çykyşlary bilen utgaşýar. Şu günki dabaraly maslahatda hem joşgunly çykyşlara uly orun berildi. Şeýle hem 2025-nji ýylyň şygaryna bagyşlanyp döredilen täze goşgular okaldy, aýdymlar ýaňlandy. Olarda türkmen halkynyň Milli Lideriniň dünýäde parahatçylygy, dost-doganlygy, abadançylygy pugtalandyrmak boýunça asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň giň gerimli işleri wasp edildi.
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň artistleriniň ýerine ýetiren «Türkmeniň agzybirlik ýoly baky dowamdyr» atly edebi-sazly kompozisiýasynda täze taryhy eýýamda durmuşa geçirilýän hoşmeýilli daşary syýasatymyz, sebitde we dünýäde parahatçylygyň, durnukly ösüşiň, halklaryň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen ägirt uly işler öz beýanyny tapdy.
Sungat ussatlarynyň şowhunly çykyşlary tomaşaçylarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Ýaňlanan aýdymlarda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza çäksiz buýsanç öz beýanyny tapdy. Bu ýere ýygnananlar Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny wasp edýän «Arkadagyň parasady-paýhasy — parahatlyk, ynanyşmak binýady» atly aýdymy aýratyn ruhubelentlik bilen diňlediler. Dabara gatnaşyjylar konsertiň ajaýyp jemlenmesine öwrülen «Uzak ýaşaň, Arkadagly Serdarymyz!» atly watançylyk aýdymyny ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.
Dabaranyň ahyrynda maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda ýurdumyzyň ösüş ýolundaky batly gadamlary hem-de barha artýan halkara abraýy ugrunda durmuşa geçirýän ägirt uly işleri üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk beýan edilip, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şanly sepgitler we beýik ýeňişler bilen şöhratlandyryljakdygyna ynam bildirilýär.
17.02.2025
Aşgabatda hil ölçegleri we sertifikasiýa boýunça halkara maslahaty geçiriler
17.02.2025
Halk Maslahatynyň Başlygy Bitaraplyk baýramçylygynyň çäreleriniň dünýäniň media giňişliginde giňden açylyp görkezilmelidigini aýtdy
15.02.2025
Türkmenistanda diplomatik işgärleriň gününi bellemäge taýýarlyk görülýär
15.02.2025
Adam hukuklary babatda halkara borçnamalar boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi
15.02.2025
Türkmenistanly mekdep okuwçylary ýanwar aýynda halkara ders we internet bäsleşiklerinde 12 medal gazandylar
15.02.2025
Pudagara toparyň mejlisi
15.02.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Serbiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
15.02.2025
Ýolagçylara edilýän hyzmatlar has-da kämilleşdiriler
15.02.2025
Bir aýda özleşdirilen maýa goýumlaryň möçberi 3 milliard manatdan geçdi
14.02.2025
Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda okaýan owganystanly ýaşlaryň sany köpeldiler
14.02.2025
Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy Türkiýä sapar bilen barar
14.02.2025
Aşgabatda Türkiýäniň ilçisiniň metbugat maslahaty geçirildi
14.02.2025
Buharestde energetika pudagynda türkmen-rumyn hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
14.02.2025
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi durmuş ähmiýetli derman serişdeleriniň nobatdaky tapgyryny aldy
14.02.2025
TDHÇMB-da söwdalaşyklar: “TS-1” kysymly awia nebiti, “TPP D 30 S” kysymly polipropilen we gurluşyk materiallary satyn alyndy
14.02.2025
Meredow Saud Arabystanynyň Aşgabatda diplomatik işini tamamlaýan ilçisi bilen duşuşdy
13.02.2025
BMG-niň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) Hyratdaky sebitleýin ofisiniň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi
13.02.2025
Türkmenistanyň ýangyç-energetika pudagynyň kuwwaty barha artýar
13.02.2025
2025-nji ýylyň birinji çärýeginde Aşgabatda Eýranyň Medeniýet günleri geçiriler
12.02.2025
Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň bilermenleri Türkmenistanda deslapky missiýasyny geçirdiler
12.02.2025
Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda parlamentara hyzmatdaşlyk pugtalandyrylar
12.02.2025
Raşid Meredow iş sapary bilen Tährana bardy
11.02.2025
Türkmenistanyň Russiýadaky ilçihanasynda BMG-niň Moskwadaky maglumat merkeziniň direktory bilen duşuşyk geçirildi
11.02.2025
Koreýanyň Sungýungwan uniwersiteti türkmen talyplary üçin kwotalaryny we talyp haklaryny artdyrar
11.02.2025
Türkmenistanyň Prezidenti EYR-nyň milli baýramy — Ynkylap güni bilen gutlady
11.02.2025
Türkmen wekiliýeti Tähranda geçiriljek üçünji Hazar ykdysady forumyna gatnaşar
11.02.2025
Gurbanguly Berdimuhamedow Masud Pezeşkiany Aşgabatda geçiriljek halkara foruma çagyrdy
11.02.2025
Türkmenistanyň daşary işler ministri sapar bilen Eýrana barar
11.02.2025
Türkmenistanda Gwatemala Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
11.02.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
10.02.2025
Türkmen milli at üstündäki oýunlar mekdebi çuňňur däp-dessurlara we nesilleriň dowamlylygyna esaslanýar.
10.02.2025
BOMCA Türkmenistanda serhetleriň integrirlenen dolandyrylmagy boýunça milli seminaryny geçirdi
10.02.2025
Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheri üçin täze guruljak lagym suwuny gaýtadan işleýän toplumyň enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdy
08.02.2025
Türkmenistanyň Hökümetiniň medeniýet meseleleri boýunça wise-premýeri täzelendi
08.02.2025
Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri çalşyldy
08.02.2025
Türkmenistanda 2025-nji ýylda içerki sarp edijiler üçin nebit önümleriniň möçberleri tassyklandy
08.02.2025
Sakarçäge etraby 2024-nji ýylyň jemleri boýunça ýeňiji diýlip yglan edildi
08.02.2025
«Arkadagly ýaşlar» žurnalynyň 2025-nji ýyldaki ilkinji sany okyjylara ýetirildi
08.02.2025
2024-nji ýylyň jemleri boýunça durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanan Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň ähli ilatyna
08.02.2025
M.Mämmedowa wise-premýer wezipesinden boşadyldy
07.02.2025
Raşid Meredow Germaniýanyň Aşgabatdaky ilçihanasyndaky gynanç kitabynda ýazgy galdyrdy
07.02.2025
Türkmenistanyň baş konsuly KFU-nyň Ýelabuga institutynda türkmenistanly talyplar bilen duşuşdy
07.02.2025
Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky ilçihanasynda «Hakyda göwheri» atly täze kitabyň tanyşdyrylyşy boldy
07.02.2025
Aşgabatda BMG-niň binasynda Howa boýunça ösüş hyzmatdaşlarynyň toparynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi
07.02.2025
Türkmenistanyň wekiliýeti söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen Malaýziýa iş saparyny amala aşyrdy
07.02.2025
Türkmenistanyň daşary işler ministri Indoneziýa Respublikasynyň ilçisi bilen duşuşdy
07.02.2025
Türkmen diplomaty «BMG – Zenanlar» düzüminiň Sebit direktory bilen gender syýasaty boýunça hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy
06.02.2025
«Turkish Airlines» Aşgabatdan Stambulyň üsti bilen Moskwa gatnawlar üçin ýörite teklibi ýola goýdy
06.02.2025
Daşky gurşawy goramak ministri Saud Arabystan Patyşalygynyň ilçisi bilen duşuşdy
06.02.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisi bilen duşuşygy