15.01.2025
14-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.
Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, birek-biregi Täze ýyl bilen gutladylar hem-de iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Gahryman Arkadagymyz telefon arkaly söhbetdeşlik üçin minnetdarlyk bildirip, BMG-niň Baş sekretary bilen geçen ýylyň tomsunda Aşgabatda geçiren duşuşygyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny, bu duşuşygyň örän peýdaly we netijeli bolandygyny belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň salamyny, uly hormat goýýandygy baradaky sözlerini ýetirdi.
Antoniu Guterriş hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, öz gezeginde, hormatly Prezidentimize mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de BMG-niň sebitde we dünýäde parahatçylygyň pugtalandyrylmagy ugrunda çykyş edýän Bitarap Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berýändigini belledi. Şeýle-de ol Türkmenistanyň ählumumy parahatçylyga, abadançylyga, durnukly ösüşe gönükdirilen syýasatyna, bu ugurdaky başlangyçlaryna ýokary baha berdi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet topary döredildi. Ýakynda bolsa türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlyklyk etmeginde bu toparyň ilkinji mejlisi geçirildi. Gahryman Arkadagymyz guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisinde hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň guramaçylyk meselelerine seredip, bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasyny işläp düzmek barada BMG-niň düzüm birlikleri bilen geňeşmeleri geçirip, onuň durmuşa ornaşdyrylmalydygyny nygtady. Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda Milli Liderimiz taýýarlanylan degişli Konsepsiýanyň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri şu ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna badalga berilýändigini, Türkmenistanyň bu waka şu ýyl döredilmeginiň 80 ýyllygyny belleýän BMG-niň taryhynda möhüm, aýratyn tapgyr hökmünde garaýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz 2025-nji ýylyň taryhy senä — Milletler Bileleşigi tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara derejede ykrar edilmeginiň 30 ýyllygyna gabat gelmeginiň aýratyn ähmiýetini nygtady hem-de Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlygyň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugry bolup durýandygyny tassyklady.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyz BMG-niň Baş sekretaryny 2025-nji ýylda Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylmagy göz öňüne tutulýan meýilnamalar bilen tanyşdyrdy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasy taýýarlanyldy. Bu resminamada ýurdumyzyň häzirki zamanyň ählumumy gün tertibiniň esasy meselelerine garaýyşlary beýan edilýär. Şeýle-de onda özara ynanyşmak, dialog we jogapkärçilik esasynda döwletleriň tagallalaryny birleşdirmek barada ýurdumyzyň garaýyşlary kesgitlenilýär. Milli Liderimiz bu babatda 2025-nji ýylyň özgerişler ýyly bolup biljekdigini we bolmalydygyny nygtap, BMG-niň Türkmenistanyň Konsepsiýada beýan edilen maksatlaryny goldajakdygyna ynam bildirdi.
Bu Konsepsiýa taýýarlanylanda, köp babatda BMG-niň başlangyjy boýunça geçen ýylyň sentýabrynda geçirilen «Geljegiň sammitiniň» esasy mazmunyna esaslanylandygy aýratyn bellenildi. Şoňa görä-de, Türkmenistan Konsepsiýany şol sammitiň jemleýji resminamasy bolan «Geljegiň hatyrasyna pakty» durmuşa geçirmäge özboluşly goşant hasaplaýar.
BMG-niň Baş sekretary ählumumy gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmekde tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen Konsepsiýanyň wajypdygyny belläp, ony dolulygyna makullady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri öňde durýan işleriň esasy ugurlary barada aýdyp, howpsuzlyk bilen bagly meselä ünsi çekdi hem-de Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak baradaky başlangyjyny nygtady. Gapma-garşylykly ýagdaýlaryň öňüni almagyň we olary aradan aýyrmagyň guraly hökmünde öňüni alyş diplomatiýasyny işjeň ulanmak bu strategiýanyň esasy ugurlarynyň hataryndadyr.
Gahryman Arkadagymyz BMG-niň parahatçylyk döredijilikli tagallalaryny ilerletmek üçin Bitaraplygyň mümkinçiligini giňden ulanmagyň, ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek bilen bagly ynanyşmak dialogynyň medeniýetini dikeltmegiň möhümdigini belledi. Milli Liderimiz bu teklipleriň iş ýüzünde amala aşyrylmagynyň dünýäde syýasy dartgynlygy azaltmaga ýardam etjekdigine ynam bildirip, Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda sebit howpsuzlygy bilen bagly meseleler boýunça dialogy işjeňleşdirmegi pugta maksat edinýändigini tassyklady. Anyk aýdylanda, gürrüň Merkezi Aziýadaky ýagdaý barada barýar. Biz Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy», «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamalaryna esaslanmagy maksat edinýäris diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.
Merkezi Aziýada howpsuzlygyň derejesi we ýagdaýy köp babatda häzirki döwürde sebit gün tertibinde durýan meseleleriň giň toplumynyň netijeli çözülmegine baglydyr. Şolaryň biri-de suw bilen bagly meseledir. Bu ugurda ýurdumyzyň garaýşy geçen ýylyň 3-nji dekabrynda Er-Riýadda geçirilen «Bitewi suw» sammitinde anyk beýan edildi. Türkmenistan Merkezi Aziýada suw bilen bagly meseleleriň tutuş toplumyna seredilende halkara hukugy berjaý etmäge, sebitiň döwletleriniň bähbitlerini özara nazara almaga hem-de bu işe halkara guramalary, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasyny çekmäge esaslanýan çemeleşmä eýerýär. Bu kadalaryň bozulmagy sebitiň ýurtlary üçin howply bolup, ekologik, durmuş-ykdysady, ynsanperwer ugurlarda ägirt uly töwekgelçilikleri döredýär.
Milli Liderimiz Owganystandaky ýagdaý barada durup geçip, Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistanyň bu ýurtda parahatçylygy we raýat ylalaşygyny gazanmak, onuň ykdysady üpjünçilik ulgamlaryny dikeltmek, durmuş meselelerini çözmek boýunça tagallalary goldaýandygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Owganystanda häzirki täze häkimiýet babatda oýlanyşykly, hakyky ýagdaýdan ugur alýan syýasaty alyp barýar. Şeýle hem bu ýurduň täze häkimiýeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň garaýyşlaryny, halkara derejede ykrar edilen çemeleşmeleri nazara alyp, dialogy saklaýar. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyz owgan tarapynyň gatnaşmagynda iri ykdysady taslamalary durmuşa geçirýär. Şolaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Owganystanyň çäginden Pakistana uzajak elektrik geçiriji ulgamyň, Türkmenistandan owgan ugry boýunça demir ýollaryň gurluşygy bar. Türkmenistan köp ýyllaryň dowamynda Owganystanyň ilatyna ynsanperwerlik kömegini hem berip gelýär. Ýurdumyz öz serişdeleriniň hasabyna durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyny amala aşyrýar diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we şeýle kömegiň geljekde-de üýtgewsiz dowam etdiriljekdigini nygtady.
BMG-niň Baş sekretary Milli Liderimiziň telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda beýan eden, dünýäde we sebitde parahatçylygy, durnukly ösüşi, abadançylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen teklipleriniň we başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetini nygtady hem-de olary goldady.
Halk Maslahatynyň Başlygy sebit howpsuzlygy baradaky meselä geçip, bu ugurda Türkmenistanyň Hazarýaka döwlet bolup durýandygyny hem göz öňünde tutmagyň zerurdygyny belledi. Şoňa görä-de, Hazar deňzi sebitinde howpsuzlygyň ýagdaýy bizi alada goýýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň geçen ýylyň dowamynda Türkmenistanda Hazarýaka döwletleriň daşary işler ministrleriniň maslahatyny geçirmek baradaky teklibi öňe sürendigini aýtdy we şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň bitarap döwletlere Birleşen Milletler Guramasynyň parahatçylyk döredijilikli tagallalarynda “ileri tutulýan hyzmatdaş” hukuk ýagdaýyny bermek baradaky başlangyçlaryna esaslanyp, ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň parahatçylyk döretmek işine jogapkär düzümleri bilen işjeň iş alyp barmaga taýýardygyny beýan etdi. Şu maksat bilen, Türkmenistanyň çäginde parahatçylyk dörediş işiniň iki merkezini döretmek mümkinçiligine seredip bolar. Elbetde, bu ugurda işler Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny nazara almak bilen amala aşyrylar diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we bu işleriň esasy maksadynyň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, şol sanda gapma-garşylyklaryň öňüni almak bilen bagly meseleleri çözmek üçin bitaraplygyň kadalaryny iş ýüzünde ulanmak bolup durýandygyny nygtady.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyndaky bilelikdäki işiň esasy ugurlarynyň biridigini belläp, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň wezipelerini ýerine ýetirmäge gönükdirilen hereketleri milli derejede hem, ýurdumyzyň durnukly ösüş babatda halkara tagallalara öz goşandyny goşmagy bilen bagly hem işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň öňe süren Ýapyk aýlanyşykly ykdysadyýete geçmek boýunça ählumumy Çarçuwaly maksatnamany taýýarlamak, Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny hem-de Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlyk bileleşigini döretmek baradaky başlangyçlarynyň Durnukly ösüş maksatlaryny netijeli durmuşa geçirmäge ýardam edip biljekdigi nygtaldy. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň öz hyzmatdaşlary bilen iri ykdysady, durmuş, ynsanperwer, ekologiýa, howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmek boýunça işleri dowam etdirjekdigini tassyklap, ýurdumyzyň başlangyjy boýunça döredilen «Türkmenistan — BMG» strategik maslahat beriş geňeşiniň bu işlerde goldaw berjekdigine ynam bildirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen giň ynsanperwer gün tertibi boýunça mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen özara hyzmatdaşlygy yzygiderli berkitmegi maksat edinýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenistanda raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça 2019 — 2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň” üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň netijelerine esaslanyp, ýurdumyzyň Merkezi Aziýada apatridler we bosgunlar bilen işlemek boýunça tejribesini halkara derejede hem ulanmak teklibi beýan edildi.
Şu ýyl biziň öňümizde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň giň gerimli maksatnamasyny amala aşyrmak wezipeleri durýar. Halkara forumynyň geçirilmegi öňde boljak çäreleriň esasy wakasy bolar diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy hem-de bu forumy şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde döwlet Baştutanlarynyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň derejesinde guramagyň göz öňünde tutulýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz BMG-niň Baş sekretaryny uly hormat bilen bu sammite gatnaşmaga çagyrdy.
Antoniu Guterriş 2025-nji ýylyň Türkmenistanda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmeginiň ähmiýetini belläp, şu ýylyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygyna beslenýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Baş sekretar BMG-niň düzüm birlikleriniň Türkmenistan tarapyndan guraljak halkara çärelere işjeň gatnaşjakdyklaryny belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň Milletler Bileleşigi bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny ýene-de bir gezek tassyklady hem-de Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ynamdar hyzmatdaşy we pikirdeşi, sebitde hem-de dünýäde onuň ygtybarly daýanjy bolandygyny, bolýandygyny we şeýle bolmagynda-da galjakdygyny belledi. Biz bu garaýşyň aýdyň tassyknamasy hökmünde Türkmenistanda geçiriljek halkara duşuşyklarda we çärelerde öz milli baýdagymyz bilen bir hatarda, Birleşen Milletler Guramasynyň baýdagynyň hem goýulmagyny isleýäris. Biziň üçin bu buýsanjyň alamaty, Bitarap Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň garaýyşlarynyň we maksatlarynyň bitewüliginiň nyşany bolar diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.
BMG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň halkara giňişlikde öňe sürýän ähli başlangyçlarynyň häzirki wagtda örän derwaýysdygyny belledi hem-de ýurdumyzyň bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleri esasynda bu ugurda durmuşa geçirýän işlerini goldaýandygyny ýene-de bir gezek tassyklady.
Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň sebitde we dünýäde parahatçylygyň, durnukly ösüşiň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Telefon arkaly söhbetdeşlik BMG-niň Baş sekretarynyň başlangyjy boýunça geçirildi.
17.02.2025
Aşgabatda hil ölçegleri we sertifikasiýa boýunça halkara maslahaty geçiriler
17.02.2025
Halk Maslahatynyň Başlygy Bitaraplyk baýramçylygynyň çäreleriniň dünýäniň media giňişliginde giňden açylyp görkezilmelidigini aýtdy
15.02.2025
Türkmenistanda diplomatik işgärleriň gününi bellemäge taýýarlyk görülýär
15.02.2025
Adam hukuklary babatda halkara borçnamalar boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi
15.02.2025
Türkmenistanly mekdep okuwçylary ýanwar aýynda halkara ders we internet bäsleşiklerinde 12 medal gazandylar
15.02.2025
Pudagara toparyň mejlisi
15.02.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Serbiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
15.02.2025
Ýolagçylara edilýän hyzmatlar has-da kämilleşdiriler
15.02.2025
Bir aýda özleşdirilen maýa goýumlaryň möçberi 3 milliard manatdan geçdi
14.02.2025
Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda okaýan owganystanly ýaşlaryň sany köpeldiler
14.02.2025
Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy Türkiýä sapar bilen barar
14.02.2025
Aşgabatda Türkiýäniň ilçisiniň metbugat maslahaty geçirildi
14.02.2025
Buharestde energetika pudagynda türkmen-rumyn hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
14.02.2025
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi durmuş ähmiýetli derman serişdeleriniň nobatdaky tapgyryny aldy
14.02.2025
TDHÇMB-da söwdalaşyklar: “TS-1” kysymly awia nebiti, “TPP D 30 S” kysymly polipropilen we gurluşyk materiallary satyn alyndy
14.02.2025
Meredow Saud Arabystanynyň Aşgabatda diplomatik işini tamamlaýan ilçisi bilen duşuşdy
13.02.2025
BMG-niň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) Hyratdaky sebitleýin ofisiniň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi
13.02.2025
Türkmenistanyň ýangyç-energetika pudagynyň kuwwaty barha artýar
13.02.2025
2025-nji ýylyň birinji çärýeginde Aşgabatda Eýranyň Medeniýet günleri geçiriler
12.02.2025
Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň bilermenleri Türkmenistanda deslapky missiýasyny geçirdiler
12.02.2025
Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda parlamentara hyzmatdaşlyk pugtalandyrylar
12.02.2025
Raşid Meredow iş sapary bilen Tährana bardy
11.02.2025
Türkmenistanyň Russiýadaky ilçihanasynda BMG-niň Moskwadaky maglumat merkeziniň direktory bilen duşuşyk geçirildi
11.02.2025
Koreýanyň Sungýungwan uniwersiteti türkmen talyplary üçin kwotalaryny we talyp haklaryny artdyrar
11.02.2025
Türkmenistanyň Prezidenti EYR-nyň milli baýramy — Ynkylap güni bilen gutlady
11.02.2025
Türkmen wekiliýeti Tähranda geçiriljek üçünji Hazar ykdysady forumyna gatnaşar
11.02.2025
Gurbanguly Berdimuhamedow Masud Pezeşkiany Aşgabatda geçiriljek halkara foruma çagyrdy
11.02.2025
Türkmenistanyň daşary işler ministri sapar bilen Eýrana barar
11.02.2025
Türkmenistanda Gwatemala Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
11.02.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
10.02.2025
Türkmen milli at üstündäki oýunlar mekdebi çuňňur däp-dessurlara we nesilleriň dowamlylygyna esaslanýar.
10.02.2025
BOMCA Türkmenistanda serhetleriň integrirlenen dolandyrylmagy boýunça milli seminaryny geçirdi
10.02.2025
Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheri üçin täze guruljak lagym suwuny gaýtadan işleýän toplumyň enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdy
08.02.2025
Türkmenistanyň Hökümetiniň medeniýet meseleleri boýunça wise-premýeri täzelendi
08.02.2025
Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri çalşyldy
08.02.2025
Türkmenistanda 2025-nji ýylda içerki sarp edijiler üçin nebit önümleriniň möçberleri tassyklandy
08.02.2025
Sakarçäge etraby 2024-nji ýylyň jemleri boýunça ýeňiji diýlip yglan edildi
08.02.2025
«Arkadagly ýaşlar» žurnalynyň 2025-nji ýyldaki ilkinji sany okyjylara ýetirildi
08.02.2025
2024-nji ýylyň jemleri boýunça durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanan Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň ähli ilatyna
08.02.2025
M.Mämmedowa wise-premýer wezipesinden boşadyldy
07.02.2025
Raşid Meredow Germaniýanyň Aşgabatdaky ilçihanasyndaky gynanç kitabynda ýazgy galdyrdy
07.02.2025
Türkmenistanyň baş konsuly KFU-nyň Ýelabuga institutynda türkmenistanly talyplar bilen duşuşdy
07.02.2025
Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky ilçihanasynda «Hakyda göwheri» atly täze kitabyň tanyşdyrylyşy boldy
07.02.2025
Aşgabatda BMG-niň binasynda Howa boýunça ösüş hyzmatdaşlarynyň toparynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi
07.02.2025
Türkmenistanyň wekiliýeti söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen Malaýziýa iş saparyny amala aşyrdy
07.02.2025
Türkmenistanyň daşary işler ministri Indoneziýa Respublikasynyň ilçisi bilen duşuşdy
07.02.2025
Türkmen diplomaty «BMG – Zenanlar» düzüminiň Sebit direktory bilen gender syýasaty boýunça hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy
06.02.2025
«Turkish Airlines» Aşgabatdan Stambulyň üsti bilen Moskwa gatnawlar üçin ýörite teklibi ýola goýdy
06.02.2025
Daşky gurşawy goramak ministri Saud Arabystan Patyşalygynyň ilçisi bilen duşuşdy
06.02.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisi bilen duşuşygy