07.02.2025
Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) we Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan Howa boýunça ösüş hyzmatdaşlarynyň toparynyň sekizinji utgaşdyryjy maslahaty geçirildi.
Duşuşyk 5-nji fewralda Aşgabatda BMG-niň binasynda Türkmenistanyň Pariž ylalaşygy boýunça halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmekdäki ösüşini çaltlandyrmak maksady bilen geçirildi — diýlip, BMGÖM-niň metbugat habarynda bellenilýär.
BMG-niň edaralarynyň, diplomatik wekilhanalarynyň we döwlet edaralarynyň wekilleri hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, ösüş başlangyçlaryny howanyň üýtgemegi boýunça ileri tutulýan ugurlary bilen utgaşdyrmak we ýurduň az uglerodly geljege geçmegini goldamak barada pikir alyşdylar.
BMGÖM-niň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan şeýle belledi:
«Bu duşuşyk Türkmenistanyň howa boýunça maksatlaryny goldamakda berk ygrarlydygyny nygtaýar. Ähli tagallalarymyzy birleşdirip, az uglerodly geljege bolan ýolda ösüşi çaltlandyrmak bilen, biz Türkmenistanyň bu dünýä ähmiýetli wajyp meseläni çözmäge goşandyny üpjün edip bileris».
Duşuşykda ýurduň howa meseleleriniň, şol sanda BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça maslahatynyň (KS29/COP29) netijeleri boýunça geçirilen çäreler baradaky täzelenen maglumatlar we 2025-nji ýylyň 10-21-nji noýabrynda Braziliýanyň Belen şäherinde geçiriljek COP30 howa sammitine taýýarlyk görmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem duşuşykda Türkmenistanyň indiki Milli derejede kesgitlenýän goşandynyň işlenip taýýarlanmagyny we mundan beýläk durmuşa geçirilmegini goldamak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek we parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak babatda hyzmatdaşlygy giňeltmek mümkinçiliklerini öwrenmek, şeýle hem sebit howa maksatnamalary, energetika we suw howpsuzlygy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi Stiwen Konlon şeýle belledi:
«Pariž ylalaşygyna laýyklykda, ähli taraplar her 5 ýylda zyňyndylary azaltmak boýunça özleriniň Milli derejede kesgitlenýän goşantlaryny bermäge borçludyrlar. Beýik Britaniýanyň hökümeti Pariž ylalaşygynyň özüne degişli paýyny ýerine ýetirmek boýunça täzelenen meýilnamasyny soňky möhletden üç aý öň täzelenen MDKG-ny berip, 1990-njy ýylyň derejesine görä 2035-nji ýyla çenli ähli parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azyndan 81% azaltmagy wada berdi we ony resmi taýdan tassyklady. Men Beýik Britaniýanyň bu irki we uly maksatly MDKG-synyň COP30-dan öň beýleki ýurtlary, şol sanda Türkmenistany hem şol derejedäki maksatlary kabul etmäge höweslendirer diýip umyt edýärin».
***
Howa boýunça ösüş hyzmatdaşlarynyň utgaşdyryjy toparynyň maslahatlary yzygiderli geçirilýär we häzirki işler hem-de Türkmenistanyň howanyň üýtgemeginiň netijelerini ýumşatmak, durnuklylygyny ýokarlandyrmak we uýgunlaşma çärelerini güýçlendirmek boýunça tagallalaryny goldamaga gönükdirilip, ähli meýilleşdirilen taslamalar barada maglumat alyşmak üçin platforma bolup hyzmat edýär.
26.03.2025
HHR-niň Başlygy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny belledi
26.03.2025
Russiýa BMG-niň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamasyny makullaýar
26.03.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Gresiýanyň Prezidentini Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
26.03.2025
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda Kararnamanyň kabul edilmegi bilen gutlady
26.03.2025
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny mübärek Gadyr gijesiniň ýetip gelmegi bilen gutlady
26.03.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Bangladeş Halk Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
26.03.2025
TDHÇMB-da söwdalaşyklar: “TS-1” kysymly uçar kerosini, suwuklandyrylan gaz, nah ýüplügi we agardylmadyk biz matasy, şeýle hem gurluşyk materiallar satyn alyndy
25.03.2025
Aşgabatda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň dabaralanmagy» atly maslahat geçirildi
25.03.2025
Prezident gowaça ekişine gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy
25.03.2025
Türkmenistanyň raýatlary üçin Rumyniýada bilim almaga resminamalaryň kabul edişliginiň tamamlanmagyna üç gün galdy
25.03.2025
Türkmenistanyň Ilçihanasy London şäherinde geçirilen “Halkara tagamlary we medeniýeti baýramçylygy” atly çärä gatnaşdy
25.03.2025
Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň saglyk we sosial goraýyş ministri bilen duşuşygy
25.03.2025
TDHÇMB-da söwdalaşyklar: “BND 60/90” kysymly ýol bitumy, suwuklandyrylan gaz we nah ýüplügi ýerlenildi
25.03.2025
25-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
24.03.2025
24-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
24.03.2025
Bilim ministrligine “Agzybirlik tilsimaty” bilelikdäki kärhanasy we “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
24.03.2025
BMTU-a okuwa girmek mümkinçiliigi: türkmenistanly dalaşgärler üçin Aşgabatda söhbetdeşlikler geçiriler
24.03.2025
TDHÇMB-da söwdalaşyklar: geçen hepdäniň dowamynda 13 geleşik baglaşyldy
24.03.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň güni mynasybetli gutlag iberdi
24.03.2025
Wladimir Putin Serdar Berdimuhamedowy Nowruz baýramy bilen gutlady
23.03.2025
BMG-niň Baş Assambleýasy «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly kararnamany kabul etdi
23.03.2025
Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi
23.03.2025
“Nowruz ýaýlasynda” Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni giňden garşylandy
22.03.2025
Daşary ýurt ýolbaşçylary Türkmenistanyň Prezidentini Nowruz baýramy bilen gutlaýarlar
22.03.2025
Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidentine gutlag hatyny iberdi
21.03.2025
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Halkara Nowruz güni bilen gutlady
21.03.2025
Türkmenistan “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum” halkara ykdysady forumyň çäklerindäki sergä gatnaşar
21.03.2025
Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy
21.03.2025
Turkish Airlines Stambul-Aşgabat-Stambul ugry boýunça gatnawlaryñ sanyny köpeldýär
21.03.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Gadyr gijesi mynasybetli, iş kesilen 321 raýatyň günäsini geçdi
21.03.2025
Türkmenistan Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasyna ilçi belledi
20.03.2025
Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasynda Irlandiýanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
20.03.2025
Türkmen diplomaty Pakistanyň federal nebit ministri bilen duşuşdy
20.03.2025
Türkmenistanyň daşary işler ministri GEEÝF-iň Baş sekretary bilen gepleşikleri geçirdi
20.03.2025
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýe Respublikasynyň wekilleri bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy
20.03.2025
Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentini wezipä girişmeginiň 3 ýyllygy bilen gutlady
20.03.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň adyndan çakylyk haty gowşuryldy
20.03.2025
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Özbegistanyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
19.03.2025
Türkmenistanda sebitara ykdysady hyzmatdaşlyga bagyşlanylan forum geçirildi
19.03.2025
Aşgabatda tälimçileri taýýarlamak boýunça CADAP okuwyna badalga berildi
19.03.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretaryny kabul etdi
19.03.2025
Gurbanguly Berdimuhamedow Walentina Matwiýenko bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
18.03.2025
Türkmenistan bilen RF-iň Tula sebitiniň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylary hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar
18.03.2025
Türkmen diplomaty «TRT Avaz» teleýaýlymynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
18.03.2025
Aşgabatda Halkara sergiler býurosynyň Dolandyryş we býujet boýunça komitetiniň mejlisi geçiriler
18.03.2025
Prezident baýramçylyk günlerinde welaýatlaryň bazarlarydyr dükanlaryny azyk harytlary bilen bolelin üpjün etmegi tabşyrdy
18.03.2025
Özbegistanyň Suw hojalygy ministrliginiň wekiliýeti Türkmenistana iş sapary bilen geldi
18.03.2025
Türkmenistan-Ermenistan: migrasiýa babatda hyzmatdaşlyk
18.03.2025
Türkmenistan - Malaýziýa: bilim edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlary we teklipler
18.03.2025
Stambulda Türkmenistanyň Bitaraplygyna we Parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan brifing geçirildi