Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary bilen ýurdumyzyň ykdysadyýetine sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Bu işlere bilimli, başarnykly, ussat hünärmenleri çekmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 30-njy noýabryndaky 984 belgili karary bilen «Türkmenistanda 2019 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» tassyklanyldy. Konsepsiýany amala aşyrmagyň talaplaryna laýyklykda, sanly ykdysadyýetiň hünärmen we ylym-bilim üpjünçiligini ösdürmek, sanly ykdysadyýetiň ösýän şertlerinde ýokary hünär derejeli hünärmenleri taýýarlamak ulgamyny kämilleşdirmek hem-de bu ugurda anyk çäreleriň toplumyny işläp taýýarlamak şeýle hem, IT hünärmenler bilen üpjün etmek bellenilen.
Kabul edilen konsepsiýa laýyklykda, dünýä ylmynyň täze gazananlary esasynda taýýarlanan, täzeçe pikirlenmeleri öz içine alýan, ýurdumyzyň halk hojalygyna sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmakda giň mümkinçiligi bolan programma üpjünçilikleri işläp düzýän we innowasion oýlap tapmalar bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek, ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça täze Startaplara (StartUp) badalga bermek maksady bilen, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi «Sanly çözgüt – 2024» atly innowasion taslamalaýryň bäsleşigi geçirilýär.
Şu düzgünnama bäsleşigiň geçiriliş şertlerini we tertibini kesgitleýär.
Bäsleşik 7 ugur boýunça geçiriler, ýagny:
Bäsleşige hödürlenýän taslamalary (oýlap tapyşlary) seljermek üçin, eminlik etmek maksady bilen, wagtlaýyn ýörite seljeriş topary döredilýär.
Seljeriş toparynyň düzümine umumy ýolbaşçylygy «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan amala aşyrylýar we ylalaşylyp düzülýär.
Şahsy tertipde taslamasyny hödürlänleriň hut özleriniň (toparlaýyn hödürlänleriň islendik topar agzalarynyň) çykyş etmekligi we özüniň taslamasy (oýlap tapyşyny) doly işjeň ýagdaýynda görkezmegi hökman bolup durýar.
Bäsleşige gatnaşyjynyň çykarylan netijeden närazy bolan halatynda ýolbaşçylaryň umumy ylalaşygy esasynda arz-şikaýat topary döredilip, ol topar gatnaşyjynyň taslamasyny (oýlap tapyşyň netijesini) özbaşdak seljermek arkaly gutarnykly netije çykarýar. Eger ilkinji toparyň çözgüdi hakykatdan-da kanagatlanarsyz bolsa, onda arz-şikaýat toparynyň çözgüdi gutarnykly hasaplanýar.
Bäsleşigiň geçirilýän günlerinde gatnaşyjynyň (topar ýolbaşçysynyň) gatnaşmadyk ýagdaýynda (dürli sebäplere görä) taslama hödürlenen işleriň sanawyndan aýrylýar we gatnaşyjy gatnaşmak hukugyny ýitirýär.
Bäsleşigiň her bir ugry boýunça birinji, ikinji we üçünji orun eýelän taslama «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň garamagyndaky edara-kärhanalaryň hem-de agentligiň paýly gatnaşygyndaky jemgyýetleriň maliýe serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilmegi bilen pul serişdeleri, gymmat bahaly sowgatlar hem-de diplomlar bilen sylaglanar.
Bäsleşige gatnaşyjylaryň ýeňijilerini saýlamak üçin alnan bahalar ýa-da ballar gazanmak tertibinde amala aşyrylar.
Dörediljek wagtlaýyn ýörite topar agzalary tarapyndan bahalaryň ýa-da ballaryň haýsy kriteriýalara görä (Mysal hökmünde göterim (%) görnüşinde) goýular.(Nusga №3)
Ýokarda görkezilen hereketler ýüze çykarylan ýagdaýynda, bäsleşigi gatnaşyjyny gurnaýjynyň karary esasynda birtaraplaýyn tertipde dalaşgärleriň sanawyndan aýrylyp bilner.
Bäsleşigiň geçiriliş şertleriniň düzgünnamasyny mahabatlandyrmak köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen guramaçylyk topary tarapyndan amala aşyrylar.
Bäsleşige gatnaşyjylary bellige almak we oýlap tapmalary baradaky teklipler telecom.tm internet saýtynda elektron görnüşinde kabul ediler.
Nusga № 1
1. Bäsleşige gatnaşyjylaryň taslamalarynda görkezmeli maglumatlary:
Ady, Familiýasy, atasynyň ady | Ýuridik salgysy | Edara-kärhanasy | Tel. belgisi, poçta salgysy | Tejribesi | Bäsleşik boýunça teklip edýän işi |
---|---|---|---|---|---|
Nusga № 2
2. Bäsleşik boýunça teklip edilýän işleriniň netijeleriniň tejribesi barada maglumatlar:
№ | Ugry(kriteriýa) | Görkezijiler | Taslamanyň durmuşa geçirilmegini bilelikde maliýeleşdirmegiň teklip edilýän mukdary |
---|---|---|---|
1 | ERDU | LMS ulgamyny gurnamak | 0 tmt |
2 | |||
2 |
Nusga № 3
3. Bäsleşige gatnaşyjylaryň buýurmalarynyň kriteriýa aňlatmalary we kriteriýalar boýunça aňladyş göterimleri ýa-da bahalary.
Kriteriýalaryň sanawy | Kriteriýa aňlatmalary | Kriteriýalar boýunça aňladyş göterimleri, bahalary |
---|---|---|
1 | Enjamlara we beýleki maddy çeşmelere eýeçilik hukugynda ýa-da beýleki kanuny esasda, maliýe çeşmeleriniň elýeterliligini, wakalaryň mowzugy bilen baglanyşykly iş tejribesini, belli bir hünär derejesindäki hünärmenleri | 10% |
2 | Kiberhowpsuzlyk talaplarynyň berjaý edilişi | 20% |
3 | Sanly ulgam bilen baglanyşykly modeli | 30% |
4 | Sanly özgertme maksatnamasynyň hili | 10% |
5 | Taslamanyň netijeliligi | 20% |
6 | Taslamalar (Oýlap-tapyşlar) | 10% |
Buýurmalar boýunça kriteriýalaryň aňlatma göterimleriniň, bahalarynyň jemi | 100% |