“TÜRKMENTELEKOM” DEAK-sy MILLI ARAGATNAŞYK OPERATORY STATUSYNA EÝEDIR


Ol 1993-nji ýylyň 7-nji aprelinde döredildi. Dolandyryş merkezi Aşgabat şäherinde. Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda we etraplarynda şahamçalary bolmak bilen, kärhana info-aragatnaşyk hyzmatlary sarp edijileriň ähli esasy maksatlaýyn bazarlary tutýar.

Häzirki zaman aragatnaşyk we telekommunikasiýalar pudagy milli ykdysadyýetiň iň perspektiw we uly depginde ösýän pudaklaryň sanyna ornaşýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň karary bilen Watançylyk ylmyň ösüşiniň ýedi sany ileri tutulýan ugurlar tassyklanyldy, olaryň içine aragatnaşyk, aýratyn hem häzirkizaman telekommunikasion tehnologiýalary we önümçiligiň awtomatlaşmak pudagynda degişlidir. Telekommunikasion pudagy kämilleşdirmek – Türkmenistanda geçirilýän durmuş syýasatyň iň wajyp tarapydyr.

Telekommunikasion infrastrukturada rewolýusion üýtgeşmeler garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden başlady. Ýaş döwletiň dünýä jemgyýetine girmek boýunça maksatlaýyn syýasaty iň öňdebaryjy tehnologiýalaryň esasynda global modernizasiýa we telekommunikasiýa ösüşi üçin esas bolupdyr.

Dünýä maglumat giňişligine çykyp, Türkmenistanyň aragatnaşyk Ministrligi we onuň edaralary köpsanly daşary ýurt döwletleri bilen işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýdular, halkara guramalaryň – Halkara elektrikaragatnaşyk bileleşigiň, Bütindünýä poçta bileleşigiň, aragatnaşyk pudagynda Sebitleýin arkalaşygyň agzasy boldy. Türkmen döwletiniň geljekde hem telekommunikasiýa ulgamyny ösdürmek niýetine esaslanýan iş hyzmatdaşlygy diňe hakyky netijelere getirmän, eýsem dünýäniň başga döwletleriň aragatnaşyk boýunça kärdeşleriň gazanan abraýa hem getirdi.

2002-nji ýylda abraýly halkara guramasy Business Initiative Directions (BID) öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we aragatnaşygyň ýokary hili üçin “Türkmentelekom” Döwlet elektrikaragatnaşyk kompaniýasyna “Altyn” derejesini berdi. 2006-njy ýylda Madridde, BID tarapyndan harytlary öndürmek we hyzmatlary bermek pudagyndaky dünýä karhanalaryň we edaralaryň arasynda geçirilýän bäsdeşikde “Türkmentelekoma” eýýam “Platina” derejesi berildi. Şu ýokary sylaglanmalara türkmen aragataşyk işgärleri hyzmatlaryň halkara hili we durnukly tehniki-ykdysady ösüş üçin gazandylar we ýaňy ýakynda ýurduň aragatnaşyk pudagynyň işi ýene bir gezek sylaglanma eýe boldy. Parižde, öz içine resmi we işewürlik pudagynyň wekillerini, dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleriň alymlaryny, hil pudagynda ýokary derejeli hünärmenlerini alýan “Hil Zamany” Halkara konwensiýanyň agzalary, garaşsyz ekspertleriň arasynda geçirilen soragnamanyň esasynda “Türkmentelekom” Döwlet elektrikaragatnaşyk kompaniýasyna iň ýokary baýragy – Brilliant ýyldyzy berdiler.

Telekommunikasiýa ulgamy milli ykdysadyýetiň iň tiz ösýän we uly geljekli pudagy bolup dur. Öýjükli aragatnaşygyň milli infrastrukturany döretmek, aragatnaşygyň magistral we içki zolakly optiki we radio-rele liniýalary gurmak, bu pudagy obada ösdürmek, şeýle hem pudagyň maliýe we ykdysady görkezijileriň yzygider ösüşi ýaly iri maýa goýum taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylyşy – “Türkmenistanyň 2020-nji ýyla çenli ykdysady, syýasy we medeni ösüşiň Strategiýasy” Milli maksatnamasy bilen watandaş aragatnaşyk işgärleriň öňünde goýulan wezipeleri öz wagtynda we ýokary hilli çözülmegiň netijesidir. Döwlet maksatnamasy geljekde hem aragatnaşyk infrastrukturany kämilleşdirmegi göz öňünde tutýar.