Ýewropanyň Patent edarasy geçen ýylda tehnologik açyşlary üçin ýüz tutan şereketleriň sanawyny mälim etdi. Täze açyşlar iri kompaniýalaryň ösüşini has hem ilerledýär. Şol sebäpli firmalar girdejisiniň belli bir bölegini diňe täze harytlary işläp taýýarlamaga sarp edýär. 2019-njy ýylda Ýewropada iň köp patent alan şereket “Huawei” bolupdyr. Bu kompaniýa eplenýän ekranly mobil enjamlar we 5G ýaly ugurlarda öňdeligi eýeleýär. Patent edarasy jemi 181 müňden gowrak ýüztutmany kabul edendiklerini, şolaryň 3524 sanysynyň hytaý brendine degişlidigini mälim etdi. Koreýanyň “Samsung” kompaniýasy 2858 patent üçin ýüz tutup, sanawyň ikinji ornuny eýeläpdir. LG 2817, “United Technologies” 2813 we “Siemens” 2619 açyşy üçin edara ýüz tutupdyr. Bu patentler diňe täze harytlary işläp taýýarlamaga däl, eýsem girdeji gazanmaga hem ýardam edýär. Sebäbi bu açyşlar isleg bildirýän beýleki şereketlere satylýar.
Iň köp patent alan kompaniýa
14.03.2020