Biziň bilen çäksiz aragatnaşyk
Biz diňe aragatnaşyk hyzmatlaryny hödürlemek bilen çäklenmeýäris – biz halkymyzyň sanly mümkinçilikleriniň giňelmegine, ýokary tizlikli internet elýeterliligi bilen üpjünçiligine we täze mümkinçilikleriň döremegine ýol açýarys.
Köpugurly hödürleýän hyzmatlarymyz
Habarlar
Gündeki täzeliklerden habarly boluň.
Türkmenistanda «akylly şäherler» boýunça hünärmenler taýýarlanylar
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi «akylly şäherler» ulgamynda hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen ýurtdaky we daşary ýurtlardaky ýokary okuw mekdepleri, ylmy guramalar hem-de kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýarlanýar. Bu barada Aşgabatda geçirilýän CIET 2026 halkara maslahatynda we sergisinde aragatnaşyk ministriniň orunbasary Berdimyrat Berdiýew mälim etdi.Ministriň оrunbasarynyň bellemegine görä, geljekki hünärmenleriň telekommunikasiýa, programma üpjünçiligi, emeli aň, maglumatlary derňemek, kiberhowpsuzlyk we awtomatlaşdyrylan dolandyryş ulgamlary ugurlaryndaky amaly endiklerine aýratyn üns berler.Hyzmatdaşlygyň çäginde edara sanly gurluşyk, telekommunikasiýa, emeli intellekt, zatlaryň interneti (IoT), akylly dolandyryş we kiberhowpsuzlyk ulgamlarynda tejribe alyşmagy meýilleşdirýär. Şeýle hem bilelikdäki ylmy-amaly taslamalary durmuşa geçirmek we talyplaryň hem-de ýaş hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar.B.Berdiýew munuň halkara ülňülerine laýyk gelýän hem-de «Akylly şäher» we «Akylly öý» ulgamlaryny taslamaga, döretmäge, ornaşdyrmaga we olary netijeli dolandyrmaga ukyply milli hünärmenleri taýýarýmaga mümkinçilik berjegini belledi.Ministriň orunbasary ýatladyşy ýaly, Arkadag şäheri Türkmenistanyň ilkinji «akylly şäheri» boldy. Onda döwrebap telekommunikasiýa düzümi döredildi: ähli ýaşaýyş jaýlaryna we binalara süýümli-optiki aragatnaşyk liniýalary çekildi, GPON tehnologiýasy, IP-telewideniýe, ýokary tizlikli internet we ösen öýjükli aragatnaşyk ulgamlary ornaşdyryldy. «Akylly öý» ulgamynyň çäginde elektrik energiýasynyň, gazyň we suw sarp edilişiniň sanly ölçeg enjamlary, şeýle hem syzmalary ýüze çykaryjy datçikler goýuldy.Ol şeýle hem Arkadag şäherinde 5G ulgamynyň 2025-nji ýylyň 29-njy iýunynda işe girizilendigini, 2026-njy ýylyň oktýabr aýynda bolsa bäşinji nesil aragatnaşygynyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hem işläp başlandygyny ýatlatdy.Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklarynyň ösüşine bagyşlanan maslahat Aşgabatda 3 — 5-nji noýabr aralygynda geçirilýär.
«Sanly çözgüt – 2026» innowasion taslamalar bäsleşigine 450 golaý taslama hödürlenildi
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň binasynda «Sanly çözgüt – 2026» atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň deslapky saýlama tapgyry dowam edýär. Bäsleşige gatnaşmak üçin 450 golaý taslama hödürlenildi. Bäsleşigiň esasy maksady ýaşlaryň döredijilik we ylmy-tehniki mümkinçiliklerini ýüze çykarmakdan, täzeçillik başlangyçlaryny goldamakdan, şeýle hem sanly ykdysadyýetiň ösüşine goşant goşup biljek innowasion taslamalary höweslendirmekden ybaratdyr.Saýlama tapgyrynyň dowamynda gatnaşyjylar öz taslamalaryny eminler toparynyň öňünde tanyşdyrýarlar. Olar emin agzalaryna işläp taýýarlamalarynyň mümkinçilikleri, tehniki aýratynlyklary we amaly ähmiýeti barada giňişleýin maglumat berýärler. Bäsleşik ýedi ugur boýunça geçirilýär. Olara emeli aň, robototehnika we awtomatlaşdyrma, oba hojalygynda akylly tehnologiýalar, «Smart City» (Akylly şäher), bilim we elektron okuw, sanly lukmançylyk, şeýle hem hyzmatlar ulgamy degişlidir.Eminler toparynyň agzalary taslamalara innowasion häsiýeti, tehniki taýdan amala aşyrylyşy, netijeliligi, kiberhowpsuzlyk talaplaryna laýyklygy we iş ýüzünde ornaşdyrmak mümkinçiligi ýaly ölçegler boýunça baha berýärler.«Sanly çözgüt – 2026» bäsleşigi ýaş zehinleri ýüze çykarmakda, olaryň täzeçillik pikirleriniň durmuşa geçirilmegine ýardam bermekde we ýurtda sanly tehnologiýalaryň ösüşine täze itergi bermekde möhüm ähmiýete eýedir.
Туркменская делегация презентовала в Казани проекты в сфере цифровизации и ИИ
С 29 по 31 октября в Казани проходит Международный форум Kazan Digital Week – 2026. Туркменскую делегацию возглавляет заместитель министра связи Туркменистана Бердимырат Бердыев.Мероприятие, которое проходит в Международном выставочном центре «Казань ЭКСПО», собрало более 20 тысяч участников из 76 стран. В нём участвуют государственные и общественные деятели, представители бизнеса, научного сообщества, а также разработчики цифровых технологий.С 29 по 31 октября в Казани проходит Международный форум Kazan Digital Week – 2026. Туркменскую делегацию возглавляет заместитель министра связи Туркменистана Бердимырат Бердыев.Мероприятие, которое проходит в Международном выставочном центре «Казань ЭКСПО», собрало более 20 тысяч участников из 76 стран. В нём участвуют государственные и общественные деятели, представители бизнеса, научного сообщества, а также разработчики цифровых технологий.С 29 по 31 октября в Казани проходит Международный форум Kazan Digital Week – 2026. Туркменскую делегацию возглавляет заместитель министра связи Туркменистана Бердимырат Бердыев.Мероприятие, которое проходит в Международном выставочном центре «Казань ЭКСПО», собрало более 20 тысяч участников из 76 стран. В нём участвуют государственные и общественные деятели, представители бизнеса, научного сообщества, а также разработчики цифровых технологий.Центральной темой форума в этом году стало практическое применение искусственного интеллекта. Участники обсуждают развитие цифровой индустрии, кибербезопасность и внедрение цифровых решений в промышленности, государственном управлении, здравоохранении, образовании, сельском хозяйстве и других отраслях.Выступая на церемонии открытия, Бердимырат Бердыев рассказал о реализуемой в Туркменистане Государственной программе развития цифровой экономики. По его словам, страна формирует собственную цифровую повестку и стремится стать цифровым мостом между Востоком и Западом, Севером и Югом.Он также сообщил, что решения на основе ИИ внедряются в государственном и социальном секторах. В сферах образования и здравоохранения используются адаптивные обучающие системы и алгоритмы ранней диагностики заболеваний, а в экономике запускаются системы прогнозирования урожайности и интеллектуального управления транспортными потоками.Отдельное внимание глава делегации уделил городу Аркадаг, который, по его словам, стал образцом «умного» и экологически устойчивого города. Его инфраструктура построена на современных ИКТ-решениях и «зелёных» технологиях, а технологии интернета вещей (IoT) и искусственного интеллекта интегрированы в единую платформу городского управления и безопасности.Одной из ключевых площадок форума стала выставка технологических разработок, на которой представлены цифровые решения государственных организаций, крупных компаний и технологических стартапов.Центральной темой форума в этом году стало практическое применение искусственного интеллекта. Участники обсуждают развитие цифровой индустрии, кибербезопасность и внедрение цифровых решений в промышленности, государственном управлении, здравоохранении, образовании, сельском хозяйстве и других отраслях.Выступая на церемонии открытия, Бердимырат Бердыев рассказал о реализуемой в Туркменистане Государственной программе развития цифровой экономики. По его словам, страна формирует собственную цифровую повестку и стремится стать цифровым мостом между Востоком и Западом, Севером и Югом.Он также сообщил, что решения на основе ИИ внедряются в государственном и социальном секторах. В сферах образования и здравоохранения используются адаптивные обучающие системы и алгоритмы ранней диагностики заболеваний, а в экономике запускаются системы прогнозирования урожайности и интеллектуального управления транспортными потоками.Отдельное внимание глава делегации уделил городу Аркадаг, который, по его словам, стал образцом «умного» и экологически устойчивого города. Его инфраструктура построена на современных ИКТ-решениях и «зелёных» технологиях, а технологии интернета вещей (IoT) и искусственного интеллекта интегрированы в единую платформу городского управления и безопасности.Одной из ключевых площадок форума стала выставка технологических разработок, на которой представлены цифровые решения государственных организаций, крупных компаний и технологических стартапов.Центральной темой форума в этом году стало практическое применение искусственного интеллекта. Участники обсуждают развитие цифровой индустрии, кибербезопасность и внедрение цифровых решений в промышленности, государственном управлении, здравоохранении, образовании, сельском хозяйстве и других отраслях.Выступая на церемонии открытия, Бердимырат Бердыев рассказал о реализуемой в Туркменистане Государственной программе развития цифровой экономики. По его словам, страна формирует собственную цифровую повестку и стремится стать цифровым мостом между Востоком и Западом, Севером и Югом.Он также сообщил, что решения на основе ИИ внедряются в государственном и социальном секторах. В сферах образования и здравоохранения используются адаптивные обучающие системы и алгоритмы ранней диагностики заболеваний, а в экономике запускаются системы прогнозирования урожайности и интеллектуального управления транспортными потоками.Отдельное внимание глава делегации уделил городу Аркадаг, который, по его словам, стал образцом «умного» и экологически устойчивого города. Его инфраструктура построена на современных ИКТ-решениях и «зелёных» технологиях, а технологии интернета вещей (IoT) и искусственного интеллекта интегрированы в единую платформу городского управления и безопасности.Одной из ключевых площадок форума стала выставка технологических разработок, на которой представлены цифровые решения государственных организаций, крупных компаний и технологических стартапов.
Türkmenistanda aragatnaşyk we raýat awiasiýasy pudaklarynyň öňdebaryjy işgärleri kesgitlenildi
30-njy oktýabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň binasynda «Öz işiniň ussady» atly hünär bäsleşiginiň jemlerini jemlemek dabarasy geçirildi. Bu bäsleşik Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Aragatnaşyk ministrligi we «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy tarapyndan yglan edildi.Bäsleşige agzalan edaralaryň welaýatlarda, şeýle hem Aşgabat we Arkadag şäherlerinde ýerleşýän edara-kärhanalarynyň işgärleri gatnaşdylar. Bäsleşigiň esasy maksady işgärleriň öz zähmet borçlaryny ýerine ýetiriş derejesini kesgitlemekden, olaryň hünär başarnyklaryny we iş tejribesini ýüze çykarmakdan, şeýle hem zähmet düzgün-nyzamynyň, tehniki howpsuzlygyň we zähmeti goramagyň kadalarynyň berjaý edilmegi arkaly hünär ussatlygyny ýokarlandyrmakdan ybarat boldy. Mundan başga-da, bäsleşik zähmet toparlarynyň agzybirligini berkitmäge, kärdeşler arkalaşygynyň medeni-köpçülikleýin we sport çärelerine işjeň gatnaşýan işgärleri höweslendirmäge gönükdirildi.Ýeňijiler ýörite döredilen iş topary tarapyndan kesgitlenildi. Onuň düzümine edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, ilkinji kärdeşler arkalaşyklarynyň başlyklary, şeýle hem zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk bölümleriniň hem-de işgärler gulluklarynyň ýolbaşçylary girizildi. Her bir zähmet toparyndan «Öz işiniň ussady» diýen ada mynasyp bolan üç işgär we aýratyn tapawutlanan bir işgär saýlanyp alyndy. Bu işde olaryň köpýyllyk halal zähmeti, zähmet düzgün-nyzamyny we howpsuzlyk talaplaryny berjaý edişi, kärdeşler arkalaşygynyň çärelerine gatnaşmagy hem-de kärdeşleriniň arasyndaky abraýy göz öňünde tutuldy. Ýeňijileriň sanawlary zerur resminamalar bilen bilelikde 27-nji oktýabra çenli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezine iberildi.Çäräniň ahyrynda bäsleşigiň ýeňijileriniň atlary yglan edildi. Soňra «Laçyn» halk döredijilik toparynyň aýdymçylary we sazandalary çykyş etdiler.
Aşgabatda Zenanlar birleşigi bilen Aragatnaşyk ministrligi zenanyň maşgalada we jemgyýetde eýeleýän orny barada söhbetdeşlik geçirdi
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň we onuň garamagyndaky kärhanalaryň işgärleri zenanyň maşgalada we jemgyýetde eýeleýän orny barada söhbet etmek maksady bilen, ýurdumyzyň Zenanlar birleşiginiň wekilleri bilen duşuşdylar. «Ornuňyz tördedir, sarpaňyz belent, ýaşaýşa ýarandyr mährem zenanlar» atly wagyz-nesihat duşuşygy 26-njy oktýabrda ministrligiň mejlisler zalynda geçirildi. Çäräni Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi bilelikde gurady.Duşuşyga gatnaşyjylara Türkmenistanyň gazanýan üstünlikleri, halkara abraýy we depginli ösüşi barada gürrüň berildi. Duşuşygyň esasy mowzugy milli däp-dessurlar, ýaş nesli terbiýelemek hem-de maşgala mukaddesliginiň mizemezligini gorap saklamak bilen baglanyşykly boldy.Duşuşyga şeýle hem Zenanlar birleşigine wekilçilik edýän Aşgabat şäherindäki çagalar baglarynyň biriniň terbiýeçisi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy işgäri, Aragatnaşyk ministrliginiň we onuň garamagyndaky kärhanalaryň işgärleri gatnaşdylar.
Aşgabat ulag we sanly tehnologiýalar boýunça iki sany halkara forumy kabul eder
2026-njy ýylyň 24 — 26-njy noýabry aralygynda Aşgabatda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara baglanyşyklylyk we ösüş – 2026» atly halkara maslahat we sergi, şeýle hem «Türkmentel – 2026» atly halkara sergi we ylmy maslahat bilelikde geçiriler. Çäreler iki ugry — halkara ulag ugurlaryny ösdürmegi we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny birleşdirer.«Türkmentel – 2026» sergisi tehnologik çözgütleriň giň toplumyny, şol sanda telekommunikasiýa torlaryny, hemra aragatnaşygy, emeli aň ulgamy we 5G-ni, maglumatlary işlemek merkezlerini, sanly platformalary, maliýe tehnologiýalaryny hem-de maglumat howpsuzlygy ulgamlaryny öz içine alar.Aýratyn üns IT-infrastruktura, maglumatlar seljermesine, iş üçin programma üpjünçiligine, töleg ulgamlaryna, «akylly öý» tehnologiýalaryna, şeýle hem web we ykjam goşundylara berler. Mowzuklaýyn maksatnama ykdysadyýetiň pudaklary üçin infrastruktura çözgütlerini hem, gündelik peýdalanmak üçin tehnologiýalary hem öz içine alýar.Öz gezeginde, «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara baglanyşyklylyk we ösüş – 2026» maslahaty we sergisi halkara ugurlary meýilleşdirmek, ýurtlaryň arasyndaky ulag aragatnaşygyny berkitmek we üstaşyr daşamalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin meýdança bolar. Degişli döwlet edaralarynyň, ulag we logistika kompaniýalarynyň wekilleriniň, şeýle hem pudak hünärmenleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.Iki çäräniň hem bir wagtda geçirilmegi gatnaşyjylara ulag infrastrukturasyny we sanly tehnologiýalary umumy işjeňlik gün tertibiniň çäklerinde göz öňünde tutmaga mümkinçilik berer. Häzirki zaman logistika ulgamlary daşamalary guramak we ulag akymlaryny utgaşdyrmak üçin telekommunikasiýa torlaryny, elektron maglumat çalşygyny we sanly platformalary barha işjeň peýdalanýarlar.Şeýlelikde, Aşgabatda geçiriljek noýabr çäreleri halkara söwda gatnaşyklaryny ösdürmek we ulag hem-de logistika amallaryny guramakda möhüm orun eýeleýän häzirki zaman MAT çözgütlerini ornaşdyrmak meselelerini birleşdirer.
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi wirtual aktiwler bazary üçin torlary döwrebaplaşdyrýar
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi ýurduň wirtual aktiwleri düzgünleşdirmek we maýning tehnologiýasyny ornaşdyrmak boýunça işleriniň esasy binýadyna öwrüljek telekommunikasiýa infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri alyp barýar. Bu barada Türkmenistanyň Maýa goýum forumynda (TIF-2026) çykyş eden Aragatnaşyk ministriniň orunbasary Berdimyrat Berdiýew aýtdy.Aragatnaşyk ministriniň orunbasarynyň sözlerine görä, blokçeýn tehnologiýalary we wirtual aktiwler ýaly maliýe gurallaryny ornaşdyrmagyň esasy binýady ýokary öndürijilikli, ygtybarly we howpsuz telekommunikasiýa infrastrukturasydyr. Ol Türkmenistanda «Wirtual aktiwler hakynda» Kanunyň kabul edilendigini we wirtual aktiwleri düzgünleşdirmek hem-de maýning tehnologiýasyny 2026–2030-njy ýyllarda ornaşdyrmak boýunça «Ýol kartasynyň» tassyklanandygyny ýatlatdy.Berdyýew bu ugurdaky döwlet syýasatynyň birnäçe edaranyň arasynda paýlanandygyny düşündirdi. Merkezi bank maliýe bazaryny düzgünleşdirýär we kripto biržalaryna ygtyýarnama berýär, Energetika ministrligi senagat derejesindäki maýning üçin nyrh we energetika syýasatyny kesgitleýär, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bolsa maliýe monitoringini üpjün edýär.Onuň sözlerine görä, Aragatnaşyk ministrliginiň jogapkärçilik çägine üç esasy ugur girýär: maglumatlary gaýtadan işleýän merkezleri, maýning pullaryny we wirtual aktiwleri alyş-çalyş etmek boýunça ygtyýarly operatorlary ýokary tizlikli aragatnaşyk kanallary bilen üpjün etmek; maliýe torlarynyň möhüm maglumat infrastrukturasyny kiber howplardan we DDoS hüjümlerinden goramagy öz içine alýan maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek; şeýle hem maglumat howpsuzlygynyň we maglumatlaryň özygtyýarlylygynyň standartlaryny berjaý etmek bilen milli maglumat geçiriş torlaryny halkara sanly giňişlige birleşdirmek.Aragatnaşyk ministriniň orunbasary blokçeýn tehnologiýasynyň we wirtual aktiwler bilen geçirilýän amallaryň aragatnaşygyň hiline ýokary talaplary bildirýändigini belledi. Bu ugurda iň pes gijikdirmeler, enjamlaryň bökdençsiz işlemegi we aragatnaşyk kanallarynyň ätiýaçlandyrylmagy aýratyn möhüm bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ministrlik süýüm-optiki aragatnaşyk liniýalaryny döwrebaplaşdyrýar, magistral torlaryň geçirijilik ukybyny artdyrýar we häzirki zaman marşrutlaşdyryş enjamlaryny ornaşdyrýar. «Sanly maliýe we finteh ulgamynda işleýän ýerli we halkara maýadarlaryň durnukly hem-de goragly telekommunikasiýa gurşawyna daýanmagy üçin ähli zerur şertler döredilýär» — diýip, ol aýtdy.Berdyýew kiberhowpsuzlyk meselelerine hem aýratyn üns berdi. Onuň sözlerine görä, ministrlik trafigi gözegçilikde saklaýyş ulgamlaryny güýçlendirmäge, kiberjenaýatçylyga garşy göreş boýunça degişli edaralar bilen hyzmatdaşlyga we öňdebaryjy şifrleme protokollaryny ornaşdyrmaga ilkinji derejeli ähmiýet berýär. «Milli maglumat giňişliginiň howpsuzlygy maýadarlaryň ynamynyň we Türkmenistanyň tutuş maliýe-ykdysady ulgamynyň durnuklylygynyň kepilidir» — diýip, ol nygtady.Aragatnaşyk ministriniň orunbasary hünärmenleri, tehnologiýa kompaniýalarynyň wekillerini we maýadarlary «Türkmentel-2026» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşmaga çagyrdy. Ol Aragatnaşyk ministrliginiň konstruktiw dialoga, tehnologik hyzmatdaşlyga we sanly infrastrukturany ösdürmäge maýa goýumlaryny çekmäge açykdygyny belledi.Türkmenistanyň Maýa goýum forumy (TIF-2026) 1–2-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilýär. Oňa 50 döwletden 750-den gowrak wekil gatnaşýar. Forumda energetika we nebithimiýa, ulag geçelgeleri we Hazar sebiti, sanly ykdysadyýet we emeli aň, oba hojalygy işewürligi, syýahatçylyk, şäher infrastrukturasynyň ösüşi we suw serişdeleri ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.
Türkmenistan «C5+1» sanly innowasiýalar maslahatyna gatnaşdy
Türkmenistanyň aragatnaşyk ministriniň orunbasary Ý. Gulmämmedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2026-njy ýylyň 29-njy sentýabrynda Astanada geçirilen «C5+1» formatyndaky sanly innowasiýalar maslahatyna gatnaşdy. Çäre Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde geçirildi. Maslahata Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň degişli döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle hem DFC, CRDF Global, CIPE we CLDP ýaly hyzmatdaş guramalaryň wekilleri gatnaşdy.Hususy pudak we halkara bilermenler jemgyýeti tarapyndan Meta, Oracle, Honeywell Technologies, Wabtec, McKinsey, EPAM, Plug and Play we Alchemist Accelerator ýaly kompaniýalar hem-de guramalar öz tejribelerini we häzirki zaman tehnologik çözgütlerini hödürlediler. Astana maslahaty sanly özgertmeleri diňe tehnologik täzeleniş hökmünde däl, eýsem ykdysady ösüş, maglumat howpsuzlygy we halkara hyzmatdaşlyk bilen gönüden-göni baglanyşykly giň ugur hökmünde ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi. Maslahatyň gün tertibinde emeli aň we sanly innowasiýalar aýratyn orun eýeledi.Maslahatyň açylyş dabarasynda türkmen wekiliýeti Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, häzirki zaman sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, degişli başlangyçlary durmuşa geçirmek we bu ugurda gazanylan netijeler barada maglumat berdi. Şeýle hem sanly ösüşiň geljekki ileri tutulýan ugurlaryna aýratyn üns çekildi.Gatnaşyjylar bu ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri boýunça hem pikir alyşdylar.
Türkmenistan we sebitiň ýurtlary ABŞ bilen emeli aňyň, maglumat merkezleriniň we sanly hyzmatlaryň ösüşini maslahatlaşýarlar
30-njy sentýabrda Astanada Emeli aňyň (EA) ösüşine we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň (Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan, Özbegistan) hem-de ABŞ-nyň arasyndaky sanly hyzmatdaşlyga bagyşlanan «C5+1 SI Conference» maslahatynyň ikinji güni geçirilýär. Forum 29-njy sentýabrda «Hilton Astana» myhmanhanasynda açyldy we döwlet edaralarynyň, tehnologiýa kompaniýalarynyň we hünärmenleriň wekillerini bir ýere jemledi.Maksatnama laýyklykda, birinji günde gatnaşyjylar emeli aňyň we sanly infrastrukturanyň ösüşini, EA ulgamyndaky milli strategiýalary, sanly özgerişleri hem-de howpsuz aragatnaşygy, şeýle hem emeli aňyň oba hojalygynda, energetikada, logistikada we möhüm minerallar pudagynda ulanylyşyny maslahatlaşdylar.Ikinji gün sanly ykdysadyýet üçin hünärmenleri taýýarlamaga, EA-startaplara, wençur maýa goýumlaryna hem-de uniwersitetleriň we barlag merkezleriniň hyzmatdaşlygyna bagyşlanýar. «Silkroad Innovation Hub» we MIT-niň aýratyn sessiýasy Merkezi Aziýanyň emeli aňyň ornaşdyrmaga taýýarlygyna seredip geçýär. Şeýle hem gün tertibinde serhetüsti maglumat çalşygy we sanly söwda bar. Maslahat Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekiliýet baştutanlarynyň ileri tutulýan ugurlar we geljekki ädimler baradaky çekişmesi, şeýle hem sebitiň we ABŞ-nyň emeli aň hem-de täze tehnologiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň geljegi baradaky sessiýa bilen tamamlanar.Tehnologik ileri tutulýan ugurlar ykdysady hyzmatdaşlyk babatda «C5+1» Bilelikdäki beýannamasynda berkidildi. Resminama IT-startaplary goldamagy, EA boýunça barlaglarda we bilimde hyzmatdaşlygy, sanly hyzmatlary, telekommunikasiýa infrastrukturasyny we maglumatlary işlemek merkezlerini ösdürmegi göz öňünde tutýar.«C5+1» formaty 2015-nji ýyldan bäri Merkezi Aziýa we ABŞ-nyň arasynda ykdysadyýet, howpsuzlyk we sebitara özara hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça dialog meýdançasy hökmünde hereket edýär.
Aşgabatda ykdysady innowasiýalar boýunça maslahat geçirildi
Ykdysadyýet toplumynyň mejlisler zalynda «Innowasiýalar we sanly tehnologiýalar ykdysady ösüşiň hereketlendiriji güýçleridir» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa ýurduň maliýe we ykdysadyýet toplumyna degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, banklaryň ýolbaşçylary, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar gatnaşdylar. Bu barada TDH habar berdi.Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm ugurlarynyň biri Durnukly ösüş maksatlaryny (DÖM) durmuşa geçirmekden ybaratdyr. Türkmenistan DÖM-niň aýry-aýry görkezijilerine ýetmek boýunça ýokary netijeleri gazandy we ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmäge, sanly ulgamy ornaşdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreleri, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak hem-de onuň netijelerini ýeňilleşdirmek, daşky gurşawy goramak, ykdysady syýasatyň durmuş ulgamyna gönükdirilen, raýatlaryň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmagy we döwletiň gülläp ösmegini göz öňünde tutýan ugruny çuňlaşdyrmak boýunça çäreleri geçirmegi işjeň dowam etdirýär.Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň hem-de daşary ýurt maýa goýumlary üçin amatly maýa goýum ýagdaýyny döretmek, gurluşyga, ulag ulgamyna, maglumat tehnologiýalaryna, telekommunikasiýalara aýratyn üns bermek bilen, täze taslamalary durmuşa geçirmek ykdysady syýasatyň strategik ugry bolup durýar.Ylmy-amaly maslahatdaky çykyşlarda milli ykdysadyýeti ösdürmek boýunça öňe sürlen başlangyçlaryň çäklerinde amala aşyrylýan maliýe özgertmeleriniň bank ulgamynyň berk binýadyny döretmäge, ýurtda ykdysady durnuklylygy berkitmek arkaly türkmen ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürmäge uly ýardam berýändigi aýratyn nygtaldy. Ylmy-amaly maslahatda «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde blokçeýn, maliýe tehnologiýalary, bulutlaýyn hasaplamalar we zatlaryň interneti (IoT) ýaly innowasion sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak ýaly möhüm meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, ýurrda sanly ulgamy ornaşdyrmagyň çäklerinde amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler bilen baglylykda ykdysadyýetde täze pudaklar, bazarlar, dolandyryş usullary peýda bolýar.
«Türkmentelekom» EAK
«Türkmentelekom» EAK Türkmenistanyň her künjeginde müşderilerine durnukly we hilli hyzmat hödürleýär.
Biziň bilen habarlaşyň
- “Türkmentelekom” EAK-nyň tehniki hünärmenlerine ýüz tutmak;
- Tiz we gysga wagtda tehniki hyzmatlary almak;
- Ýokary hilli hyzmatlardan peýdalanmak.