8K durulygynda wideo düşürýän “Canon”

14.03.2020

Täze öndüriljek “Canon EOS R5” fotoapparatynyň 8K durulygynda wideo düşürip biljekdigi mälim edildi. Smartfonlaryň fotoapparatlar ýaly durulykda surata alyp bilýändigi aýdylýan hem bolsa, täze enjam entek smartfonlaryň özleriniň yzyndan ýetmegi üçin wagtyň irdigini “ýatladýar”. “Canon EOS R5” modeli sekuntda 30 kadr tizligi bilen 8K durulygynda wideoýazgy eder. Şeýle hem fotoenjamda “Animal AF” atly aýratynlyk bolup, ol kadra giren haýwanlary anyklaýar. Bu aýratynlyk bilen, it, pişik we guş ýaly janly-jandarlary tapawutlandyryp, olary awtomat usulda fokuslap bilýär. Ýokary hilli fotoenjamyň iýulda satuwa çykarylmagyna garaşylýar. Kompaniýanyň şu ýylyň ýanwarynda “CES 2020” halkara sergisinde tanyşdyrylan “Canon EOS-1D X Mark III” atly fotoapparaty hem uly gyzyklanma döredipdi.