200 km ýol geçýär

14.03.2020

“Modmo” atly şereketiň işläp düzen elektrik energiýasy bilen işleýän welosipedi bir gezekki zarýady bilen 200 km ýol geçip bilýär. Bu görkeziji käbir elektrokarlardan hem ýokarydyr. “Saigon” atly bu ulag ýeňil materialdan öndürilip, sagatda 25 km/s tizlik bilen hereket edýär. Agramy 13,9 kg bolan “Saigon” mobil aragatnaşygyň 4-nji nesli, GPS, “Bluetooth” we ekran bilen üpjün edilipdir. “Bluetooth” tehnologiýasy smartfonda gepleşilende  sürüjä ýeňillik döredýär. Bahasynyň 2238 dollar boljakdygy aýdylan ulagyň sentýabr aýynda müşderilere ýetiriljekdigi mälim edildi.