Türkmenistanda Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda Durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynyň çärelerine taýýarlyk görülýär

16.03.2020

13-nji martda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow döwlet Baştutanynyň tabşyrygyna laýyklykda, “Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda Durnukly ösüş ugrunda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyna” bagyşlanan çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow BMG bilen hyzmatdaşlyk meselesi barada durup geçip, bu iri halkara gurama hem-de onuň esasy düzümleri bilen özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini aýratyn belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Milletler Bileleşigi bilen köpugurly netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen, sebit we dünýä möçberinde abadançylygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän Çarçuwaly maksatnamanyň ähmiýetini nygtap, meýilleşdirilen ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.