“Akylly” sagat bazary gyzyşýar

14.03.2020

“TAG Heuer” şereketi “Connected” alty sagatlar seriýasyny tanyşdyrdy. Ýokary hilli we gymmatlygy bilen tapawutlanýan seriýada jemi 4 model bar. Iň arzany 1800 dollar bolan sagatlaryň gymmadyny almak üçin 2350 dollar tölemeli. “Google” şereketiniň “akylly” sagatlara niýetlenen amaly ulgamy bolan “WearOS” bilen üpjün edilen enjamyň diametri 45 mm. Ýokary hilli sensorly OLED ekran oturdylan goşar sagadynyň bagynyň metal hem-de silikon görnüşi bar. Sagat GPS, ýürek urşuňy barlaýan we ýöremek, ylgamak ýaly gündelik hereketleriňi ölçeýän programalar bilen üpjün edilipdir. Sagadyň zarýady 20 sagada ýetýär.