Elektron enjamlarynyň dürli görnüşlerini öndürýän “Samsung” kompaniýasy elektrokarlar üçin ýokary netijeli batareýany işläp taýýarlady. 2024-nji ýylyň ahyrynda taýýar boljak bu batareýa häzirki wagtda giňden ulanylýan “Li-ion” batareýalaryň ýerini tutar. Täze tehnologiýa bilen öndürilen batareýada häzirkilerden 2-5 esse köp zarýad saklap bolýar. Bu bolsa batareýalaryň häzirkilerden has kiçi boljakdygyny aňladýar. Häzirki wagtda elektrokarlaryň iň agyr bölegini batareýalar emele getirýär. Täze batareýalara müň gezek zarýad berip boljakdygy aýdylýar. Has gaty boljak bu batareýalar -20 bilen +60 aralygyndaky howa şertlerinde işläp bilýändigi aýdylýar.
“Samsung” elektrokar batareýasy taýýarlady
14.03.2020