Demirgazyk Makedoniýa Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ynam bildirýär

26.10.2024

Demirgazyk Makedoniýanyň Prezidenti Gordana Silýanowskaýa Dawkowa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa ýurduň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi.

TDH-da maglumat berlişi ýaly, Demirgazyk Makedoniýanyň Prezidenti türkmen döwletiniň Baştutanyna ýüzlenmek bilen, hatynda, hususan-da, şeýle belleýär:

— Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli Demirgazyk Makedoniýanyň raýatlarynyň adyndan we hut öz adymdan Size mähirli gutlaglarymy, ýurduňyza hem-de onuň halkyna ösüş, abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlarymy ibermek meniň üçin uly hormatdyr.

Ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasyndaky dostlugy hem-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy dowam etdirjekdigimize, özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzy ilerletmek üçin bilelikde işlejekdigimize ynam bildirýärin.