«Kazinform» türkmen diplomaty bilen söhbetdeş boldy

16.03.2024

Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Batyr Rejebow «Kazinform» habarlar agentliginiň habarçysy Danira Isakowanyň sowallaryna jogap berdi.

Türkmen diplomaty söhbetdeşlikde soňky ýyllarda iki ýurduň arasynda ýola goýlan syýasy, söwda-ykdsady we medeni-ynsanperwer ugurlarda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi barada gürrüň berdi. «Kazinform-yň» habar bermegine görä, ilçi 2024-nji ýylda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän medeni çärelere ünsi çekip, olara gazak tarapynyň hem hormatly myhman hökmünde çagyrylýandygyny habar berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň we Gazagystanyň hormatly Prezidentleriniň yzygiderli üns-aladasy netijesinde we köp asyrlyk taryhy ýakynlyk häzirki döwürde ýurtlary has-da ýakynlaşdyrýar, sebit hem-de halkara derjede işjeň hyzmatdaşlara öwürýär.

Söhbetdeşligiň doly görnüşi bilen şu salgydan tanşyp bilersiňiz!