Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasynyň binasynda ilçi D.Seýitmämmedow Gruziýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşyk geçirdi.
7-nji martda bolan çäre şu ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisine, şeýle hem 2024-nji ýylyň 22-nji fewralynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisine bagyşlandy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda ilçi «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli ýerine ýetirmek, bu maksatnamany durmuşa geçirmek boýunça Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan esasy ugurlary boýunça öňümizdäki amala aşyrylmaly işleriňdir çäreleriň meýilnamasyny bilen bagly meseleleriň üstünde durup geçdi.
Şonuň ýaly-da, ýurduň syýasy, ykdysady, medeni we sosial çygyrlarynda gazanan üstünlikleri bellenilip geçildi, energetika, ulag, ekologiýa pudaklarynda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlaryny durmuşa geçirmek, milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça esasy wezipelere we beýleki meselelere garaldy diýlip, habarda bellenilýär.