Gurbanguly Berdimuhamedow TDG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlary öňe sürdi

12.03.2024

Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde 11-nji martda Aşgabatda Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň çäklerindäki duşuşyk geçirildi. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berilmegine görä, türkmen halkynyň Milli Lideri ondaky çykyşynyň dowamynda guramanyň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen birnäçe başlangyçlary beýan etdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, ilki bilen, halklaryň arasynda dost-doganlygy berkitmekde, agzybirligi, jebisligi pugtalandyrmakda, ýaşuly nesil hökmünde edep-ekramly, zähmetsöýer ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde bitirilen hyzmatlary göz öňünde tutup, Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň «Hormatly aksakgaly» diýen adyny we onuň nyşanyny döretmegi teklip etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri şeýle hem geňeşiň alyp barýan işini dünýä jemgyýetçiligine giňden wagyz etmek maksady bilen, Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň redaksiýasynyň döredilmeginiň, ýagny munuň üçin geljekde ýörite gazetiň ýa-da žurnalyň neşir edilmeginiň, internet sahypasynyň açylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Gahryman Arkadag 12-nji martda geçiriljek Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň netijeleri boýunça Beýanatyň taslamasynyň taýýarlanandygyny aýdyp, gatnaşyklaryň has-da täze derejä çykmagyna, türki halklaryň bähbidine beýik işleriň amala aşyrylmagyna itergi berjek şol resminamany kabul etmegi teklip etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow duşuşygyň ahyrynda hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we asylly işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.