Türkmenistanyň Duşenbedäki ilçihanasy tarapyndan brifing geçirildi

09.03.2024

Türkmenistanyň Duşenbedäki ilçihanasy tarapyndan şu ýylyň 9-njy fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň hem-de 2024-nji ýylyň 22-nji fewralynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Halk maslahatynyň Geňeşiniň mejlisiniň jemlerine bagyşlanan brifing geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

7-nji martda bolan çärä Täjigistanda ýaşaýan türkmenleriň wekilleri, Duşenbe şäheriniň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary, şeýle hem ilçihananyň işgärleri gatnaşdylar.
Habarda bellenilişi ýaly, ilçi A.Goçmyradow Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurduň 2024-nji ýyl üçin durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan meseleleri barada gürrüň berdi.

Brifingiň barşynda oňa gatnaşyjylara «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän şu ýylyň dowamynda Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda geçiriljek halkara derejesindäki çäreler barada giňişleýin maglumat berildi.

Çärä gatnaşyjylar Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýiniň bellenilmeginiň aýratyn derwaýysdygyny nygtamak bilen, bu ugurda nusgawy türkmen şahyrynyň edebi mirasynyň ebedileşdirilmegine hem-de onuň döredijiliginiň halkara derejesinde giňden şöhlelendirilmegine gönükdirilen giň gerimli köp ugurly işleriň wajypdygyny nygtadylar.