Halk Maslahatynyň Başlygy owgan harytlarynyň sergisine baryp gördi

05.03.2024

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 4-nji martda Aşgabatda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýaýbaňlandyrylan owgan harytlarynyň sergisine baryp gördi we ol ýerde owgan tarapy bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de toplumlaýyn esasda ösdürmegiň meseleleri boýunça duşuşyk geçirdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sergi bilen tanyşlygy Owganystanyň gurluşykda we bezeg işlerinde ulanylýan daşlary gazyp alýan kompaniýasyna degişli diwarlyklary synlamakdan başlady. Bu ýerde hünärmen kompaniýanyň alyp barýan işleri, onuň çykarýan daşlarynyň görnüşleri, aýratynlyklary barada gürrüň berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň gözel künjekleriniň birinde häzirki zamanyň ýokary halkara görkezijileri esasynda Arkadag şäheriniň bina edilendigini we täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda döwrebap önümçilik enjamlaryna, gurluşyk serişdelerine uly gyzyklanma bildirilýändigini belläp, türkmen tarapynyň owgan kompaniýalarynyň bu işe gatnaşmagy we olaryň hödürleýän teklipleriniň öwrenilmegi bilen baglanyşykly meselelere garamaga taýýardygyny aýtdy.

Gahryman Arkadag dürli ugurlar boýunça görkezilýän harytlar bilen tanyşlygyň dowamynda goňşy ýurtda öndürilen önümler, halylar, şaý-sepler, gurluşyk harytlary, hojalyk we senagat himiýasy ýaly ugurlaryň mümkinçiliklerini synlady.

Halk Maslahatynyň Başlygy goňşy ýurduň önümçilik kuwwatlyklaryna, dürli görnüşli harytlaryň önümçiligine we degişli ugurlardaky gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerine bagyşlanan serginiň halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde möhüm orun eýeleýändigini belläp, şeýle çäreleriň yzygiderli geçirilmeginiň oňa gatnaşýan ýurtlar üçin ähmiýetlidigine ünsi çekdi.

Owganystanyň önüm öndürijileri we goňşy ýurduň söwda-ykdysady toplumyna degişli düzümleriň wekilleri türkmen halkynyň Milli Lideriniň sergä gelip görmeginiň, bu ýerde görkezilýän önümler, söwda toplumyna degişli önümçilikler bilen tanyşmagynyň özleri üçin uly hormatdygyny nygtadylar we Halk Maslahatynyň Başlygyna tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.