Prezident Serdar Berdimuhamedow şu gün – 1-nji martda sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisde şu ýylyň iki aýynda milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi, şeýle-de ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň gaýragoýulmasyz wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hökümet mejlisinde, ilki bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda milli parlament tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi. Şunda häzirki wagtda Mejlisde döredilen iş toparlarynda Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda raýat-hukuk gatnaşyklaryny kämilleşdirmek, energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak, gidrometeorologiýa işi baradaky kanunlary taýýarlamak boýunça işleriň alnyp barylýandygy, şeýle hem Maşgala we Raýat iş ýörediş kodekslerine täze kadalary girizmek işleriniň dowam edendigi, döwrüň talaplaryna laýyklykda, oba hojalyk ekinleriniň tohumçylyk işini we halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga degişli kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak işleriniň alnyp barylýandygy hakynda hem aýdyldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdy maksatnamalar esasynda depginli ösdürmegiň, halkyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmagyň kabul edilýän kämil kanunlara baglydygyny belledi.
Döwlet Baştutany ýurduň kanunçylygyny döwrüň talaplaryna görä kämilleşdirmegi dowam etmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
Soňra wise-premýerler gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda alnyp barlan işler, olaryň netijeleri, şol sanda milli ykdysadyýetiň makroykdysady görkezijileri, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, degişli ugurlar boýunça öňde boljak çäreler, olara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabatlary berdiler.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, öňde boljak çäreler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutany mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýylyň mart aýynda ýurtda köp sanly desgalaryň açylyş dabaralarynyň, birnäçe halkara çäreleriň geçiriljekdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, mart aýynda bellenip geçiljek baýramçylyklara, geçiriljek dabaralara hem-de çärelere gowy taýýarlyk görülmelidigini we olaryň ýokary derejede geçirilmelidigini aýdyp, Prezident Serdar Berdimuhamedow bu babatda anyk görkezmeleri berdi.
Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti käbir resminamalara hem gol çekdi.
Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy. Olar boýunça degişli çözgütleri kabul edip, döwlet Baştutany mejlisi jemledi.