Türkmen halkynyň Milli Lideri türk Liderini 70 ýaş toýy bilen gutlady

26.02.2024

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana şanly 70 ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

— Siziň parasatly baştutanlygyňyzda Türkiýe Respublikasy durmuş-ykdysady taýdan ösüş gazanýar, halkara parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde möhüm orun eýeleýär. Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmeginde Siziň şahsy goşandyňyz bellenilmäge mynasypdyr — diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow gutlag hatynda nygtady.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hyzmatdaşlygy uzak möhletleýinlik, ynanyşmak ýörelgeleri esasynda iki doganlyk halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdürmek üçin bilelikde tagalla etmäge taýýardygyny beýan etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, ähli başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw etdi.