Owgan wekiliýeti Owganystanyň Aşgabatdaky ilçihansynda duşuşyk geçirdi

26.02.2024

Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen tarapynyň çakylygy boýunça Owganystanyň daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Amir Han Muttakiniň ýolbaşçylygyndaky owgan wekiliýeti Aşgabada sapar bilen geldi.

Owganystanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, wekiliýet agzalary saparynyň çäklerinde Owganystanyň Türkmenistandaky ilçihanasyna baryp gördüler we ol ýerde duşuşyk geçirdiler. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasynda ýola goýlan dostlukly gatnaşyklary we strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, ilçihana tarapyndan alnyp barylýan işler barada pikir alşyldy.

Bellenilişi ýaly, saparyň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça türkmen-owgan gepleşikleriniň geçirilmegine garaşylýar.