Lebap welaýatynda iki etrabyň häkimi täzelendi

11.02.2024

Prezident Serdar Berdimuhamedow 9-njy fewralda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde Lebap welaýatynyň käbir etraplarynyň häkimlerini çalyşdy.

TDH-nyň habar bermegine görä, döwlet Baştutanynyň gol çeken degişli Permanlaryna laýyklykda:

  • Erkaýew Murat Öwlýakulowiç, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy.
  • Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň häkimi wezipesine Erkin Ýaňybaýewiç Açylow bellenip, ol Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Şeýle-de Rozyýew Atajan Joraýewiç, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy.
  • Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň häkimi wezipesine Astanogly Kullyýewiç Seýidow bellenildi.