Azerbaýjan Respublikasynda geçirilen Prezident saýlawlarynyň jemleri boýunça Ilham Aliýew döwletiň iň ýokary wezipesine saýlanyldy. Bu waka mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ilham Aliýewe Gutlag hatyny ýollady.
Azerbaýanyň Prezidentiniň resmi Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, hatda, hususan-da, şeýle sözler bar:
– Hormatly Ilham Geýdar ogly.
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezident saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşiňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Häzirki wagtda Azerbaýjan döwür bilen aýakdaş ösýän, ykdysady we jemgyýetçilik durmuşynda yzygiderli özgertmeleri amala aşyrýan ýurt hökmünde tanalýar. Bu, öz gezeginde, esasan, köp ýyl bäri halk tarapyndan giňden goldanylýan döwlet syýasatyňyzyň netijesidir. Muny Prezident saýlawlarynyň netijeleri-de subut etdi.
Biz Siziň Türkmenistana bolan dostlukly garaýşyňyza ýokary baha berýäris. Türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň iki ýurduň halklarynyň abadançylygy üçin yzygiderli ösdüriljekdigine ynanýaryn.
Hormatly Ilham Geýdar ogly, Size saglyk, bagt we ýokary döwlet wezipesinde ähli maksatlaryňyza ýetmegi, Azerbaýjanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de abadançylyk arzuw edýärin.
Ozal Türkmenistanyň Prezidentiniň Ilham Aliýewe Gutlag hatyny ýollandygyny habar beripdik.