Gyrgyz ilçisi Türkmenistanyň energetika ministri bilen duşuşdy

26.01.2024

25-nji ýanwarda Gyrgyzystanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Azizbek Madmarowyň Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyň türkmen böleginiň başlygy, Türkmenistanyň energetika ministri Annageldi Saparow bilen duşuşygy boldy. Bu barada Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Bellenilişi ýaly, duşuşykda taraplar iki ýurduň arasynda dürli ugurlar boýunça gatnaşyklaryň oňyn ösüşini kanagatlanma bilen belläp, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şol bir wagtyň özünde, energetika pudagynda döwletara hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.

Ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek maksady bilen, taraplar şunda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň möhüm ornuny belläp, bu toparyň indiki, altynjy mejlisini geçirmegiň hem-de ozal gazanylan şertnamalary durmuşa geçirmegiň zerurdygyny aýtdylar.

Duşuşykda taraplar iki doganlyk döwletleriň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmagy we yzygiderli gatnaşyklary dowam etdirmegi maksat edinýändiklerini tassykladylar.