Ozal habar berşimiz ýaly, 2023-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabatda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 28 ýyllygy mynasybetli «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara forum geçirildi. Halkara maslahatyň netijeleri boýunça Jemleýji resminama kabul edildi.
Türkmenistanyň BMG-däki hemişelik wekilhanasynyň habar bermegine görä, «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara forumyň Jemleýji resminamasy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde guramanyň alty resmi dilinde neşir edildi. Resminamanyň doly teksti bilen şu ýerden tanşyp bilersiňiz.
Bu resminama Baş Assambleýanyň häzirki mejlisiniň «Parahatçylyk medeniýeti», «Parahatçylygy döretmek we goramak», şeýle-de «Merkezi Aziýa — parahatçylygyň, ynamyň we hyzmatdaşlygyň sebiti» gün tertibiniň dowamynda çap edildi.
Jemleýji resminamada BMG-niň Baş sekretarynyň «Biziň umumy gün tertibimiz» atly hasabatynyň öňe sürülmegine goşant goşan «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» şygary astynda geçen 2023-nji ýylda Türkmenistan tarapyndan başlanan ählumumy parahatçylyk döredijilik syýasatynyň ähmiýeti nygtalýar.
Resminamada gapma-garşylyklaryň öňüni almakda gepleşikleriň roluna we bu babatda zenanlaryň esasy ornuna, şeýle-de asuda, howpsuz geljegi döretmek üçin, ýaşlary gepleşiklere çekmegiň ähmiýetine üns berilýär.