Stambulyň welaýat häkimliginiň binasynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsuly Muhammetnur Öwezow bilen Stambulyň Gubernatory Dawut Güliň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, 15-nji ýanwarda bolan duşuşykda taraplar söwda-ykdysady, bilim, medeni-ynsanperwer ugurlardaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň şäherleriniň arasynda doganlaşan gatnaşyklary ýola goýmak, şol sanda Arkadag we Stambul şäherleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi. Bulardan başga-da, söhbetdeşler Stambulda kowçum bolup ýaşaýan türkmenler bilen bilelikde geçiriljek dürli medeni çäreleri hem ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmen diplomaty ýurtda doganlyk halklaryň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny has-da ilerletmäge aýratyn üns berilýändigini hem nygtady, şeýle hem duşuşygyň dowamynda M.Öwezow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň täze «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitaby bilen tanyşdyrdy.
Şeýle hem duşuşykda Türkmenistanda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çäreleriň meýilnamasy babatda hem pikir alyşyldy diýlip, habarda bellenilýär.