Türkmen diplomaty Dohada duşuşyk geçirdi

17.01.2024

Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow Kataryň paýtagty Doha şäherindäki «Education City» binasynda ýurduň bilim ulgamynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy we olar bilen gepleşik geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň Metbugat gullugy habar berýär.

Taraplar türkmen we dünýä edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleri öz içine alýan meseleler barada pikir alyşdylar. Şu nukdaýnazardan, diplomatik gullugyň ýolbaşçysy şäher prezidiumy bilen ylym we bilim pudagyndaky hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.

Soňra türkmen diplomatlary, takmynan, 12 inedördül kilometre barabar şäheriň panoramasy bilen tanyşdylar.