“Airbus” uçarmansyz uçdy

20.01.2020

Dünýäniň öňdebaryjy uçar öndüriji kompaniýalarynyň biri bolan “Airbus” ýolagçy uçary dolulygyna özbaşdak howa göterilmegi başardy. Bu ýagdaý söwda maksatly uçarda ilkinji gezek bolýar. Tehnologiýanyň ösmegi netijesinde özbaşdak hereket edýän käbir ulaglar bar hem bolsa, entek uçarlarda bu ulgam doly ýola goýulmady. Ýeri gelende aýtsak, käbir iri şäherlerde maşinistsiz metrolar hereket edýär. “Airbus A350-1000” uçary Fransiýanyň Tuluza-Blanýak aeroportynda synagdan geçirildi. Synagda adaty bolmalysy ýaly uçarmanlar hem gatnaşdy. Emma olar diňe özbaşdak uçjak uçara gözegçilik etmek we ýüze çykyp biljek näsazlygyň öňüni almak üçin öz ýerlerinde oturdylar. Haýsydyr bir päsgelçilik ýüze çykmady we uçar garaşylyşy ýaly wagtynda tizligini artdyrmagy we howa galmagy başardy. Şeýle hem howa gämisi ýoluň ortasynda gyşarman, göni öňe gitmekde hem hiç hili ýalňyşmady. “Airbus” uçarda “Instrument Landing System” (Gurally gonuş ulgamy) atly ulgamdan başga bir tehnologiýanyň ulanylandygy mälim etdi. Kompaniýa uçarmanlaryň işini ýeňilleşdirýän we uçuş howpsuzlygyny ýokarlandyrýan tehnologiýalary işläp taýýarlaýar.