“Liberty” uçmaga taýýar

02.11.2020

Ýerde we howada hereket edip bilýän “Pal-V Liberty” atly ulaga ýolda hereket etmek üçin degişli rugsatnama berildi. “Pal-V” kompaniýasy 20 ýyldan bäri üstünde işlenýän uçýan ulagyny köpçülikleýin önümçilige taýýar etdi. Berlen rugsatnama ulagyň adaty ýollarda sürülmegine ygtyýar berýär. Emma “Liberty” 2022-nji ýyla çenli synag sürüşlerini dowam etdirer. Täsin ulag üçin bäş ýyldan bäri howa ulagy hökmünde ulanylmagyna ygtyýar berýän degişli resminamanyň alynmagy üçin tagalla edilýär. Bu rugsatnamany almak üçin bolsa, ulag ýene-de 150 sagat uçurylmaly bolar. “Pal-V” şereketi ulagyň gury ýerdäki we howadaky ähli synaglary tamamlanandan soňra, ony satyn aljak müşderiniň hem howa ulagyny dolandyrmaga ygtyýar berýän degişli şahadatnamasynyň bolmalydygy mälim edildi. Häzirki wagtda bu ulagy almak üçin sargyt beren müşderiler uçarmanlyk şahadatnamasyny almak üçin okuw geçýärler.