Zarýad beketleriniň infrastrukturasyny ösdürer

07.11.2020

Koreýa Respublikasynyň “Hyundai” kompaniýasy elektrokarlaryň zarýad beketleriniň ýaýbaňlandyrylmagyna goşant goşar. Kompaniýa Ýewropa ýurtlaryndaky IONITY atly elektrik ulaglaryna zarýad berýän toruň taslamany durmuşa geçirilmegi üçin hyzmatdaşlyk edýär. IONITY topary Ýewropanyň iň ýaýran elektrokar beketlerine eýeçilik edýär. Taslamanyň çäklerinde çalt we ygtybarly zarýad beriji beketleriň ýaýbaňlandyrylmagy meýilleşdirilýär. Bu ulgam alternatiw çeşmeler arkaly energiýa bilen üpjün edilýär. Koreý brendi infrastrukturanyň ýaýbaňlandyrylmagy bilen öz ulaglarynyň hem satuwyny artdyrmagy maksat edinýär. “Hyundia” geljek ýyl IONIQ elektrokary bilen bir hatarda 4 sany täze eletrokary satuwa çykarar. IONITY zarýad beketleri 350 kWatt-a çenli zarýad berip bilýär. Her beketde jemi 4 sany zarýad beriji nokat bolup, bu ýerde soňky tehnologiýadan peýdalanylýar.