“SpaceX” kompaniýasynyň internet aragatnaşygyny gönüden-göni kosmosdan hödürlemegi maksat edinýän “Starlink” taslamasy iş ýüzünde test edildi. Taslamanyň çäklerinde dünýäniň ähli ýeri diýen ýaly internet aragatnaşygy bilen üpjün edilmegi göz öňünde tutulýar. Taslamanyň çäklerinde häzire çenli 15 uçuş amala aşyrylyp, olaryň hersinde 60 emeli hemra Ýeriň aşaky orbitasyna çykaryldy. Şeýlelikde, internet ýaýratmaga niýetlenip uçurylan emeli hemralaryň sany 900-e golaýlady. Taslamanyň doly durmuşa geçirilmegine entek birnäçe ýyl bar hem bolsa, synaglary geçirilip başlandy. Suratda görkezilen antenna arkaly geçirilen tizlik synagynda 60 Mb/sekunt göçürip almak, 12 Mb/sekunt ýüklemek tizligi hasaba alyndy. Bu tizlik her ýerde başgaça bolup, ýene bir synagda 100 Mb/sekuntlyk ortaça tizlik hasaba alyndy. Bu tizligiň 50 Mb/sekunt –150 Mb/sekunt aralygynda boljakdygy aýdylýar. “SpaceX” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ilon Mask tizligiň ýokarlanjakdygyny we 4K wideolary gysga wagtda alyp boljakdygyny aýdýar.
Kosmosdan hödürlenjek internet test edildi
04.11.2020