Aýak bilen işledilýär

05.11.2020

Şaýylyk pul taşlanyp dürli içgileri ýa-da ownuk harytlary satýan awtomatlaşdyrylan enjamlaryň döredilenine köp ýyl geçdi. Ýaponiýada bir kompaniýa aýak bilen işledilýän enjamy oýlap tapdy. Kompaniýa çylşyrymly ýagdaýlaryň emele gelen şu döwründe ýokançlyklaryň ýaýramagynyň öňüni almak üçin şeýle enjamy taýýarlapdyr. “DyDo” kompaniýasynyň döreden awtomatlaşdyrylan maşyndan gerekli harydyňy aýagyň bilen degişli pedala basyp alyp bolýar. Müşderiler harydyň tölegini nagt ýa-da kart arkaly däl-de, degişli applikasiýa arkaly telefonlarynyň üsti bilen töleýärler. Häzirki wagtda synagdan geçirilýän enjam garaşylan netijäni berse, ýaýbaňlandyrylmagy göz öňünde tutulýar. Şeýle hem enjamdan satyn alnan haryt, müşderä hödür edilmeden ozal, ultramelewşe şöhleler bilen zyýansyzlandyrylýar.