Kiçi göwrümli kompýuterleri öndürýän “Paspberry Pi” şereketi “Raspberry Pi 400” atly täsin kompýuteri işläp düzdi. Bu kompýuter diňe bir sany klawiaturadan ybarat. Ýagny, kompýuter klawiaturanyň içine sygdyrylypdyr. Enjama kompýuteriň ähli baglanyşyk portlary ýerleşdirilipdir. Ony monitora birikdirenden soňra kompýuter hökmünde ulanyp bolýar. “Broadcom BCM2711” mikroprosessor oturdylan kompýuter 4 GB RAM bilen üpjün edilipdir. Wi-Fi, “Bluetooth 5.1”, “Ethernet” ýaly baglanyşyklary hem bolan enjamda HDMI girişi hem bar. Enjamyň ýadynyň göwrümini “microSD” arkaly giňeldip bolýar. Mini kompýuteriň bahasynyň 100 dollar töweregi boljakdygy mälim edildi.
Klawiatura ýaly kompýuter
03.11.2020