Dünýäniň ilkinji 6G emeli hemrasy uçuryldy

06.11.2020

Hytaý dünýäniň ilkinji 6G emeli  hemrasyny kosmosa uçurdy. “Tianyan 05” atly synag enjamy tebigy hadysalara, oba hojalygyna we maldarçylyga gözegçilik etmek maksady bilen peýdalanylar. Innowatiw enjamy ýurduň Elektronika bilimi we tehnologiýalary uniwersitetiniň, “Chengdu Guoxing Aerospace Science and Technology” hem-de “Beijing Weinaxingkong Technology” atly kompaniýalaryň hünärmenleri işläp taýýarlady. Bu emeli hemra arkaly Ýeri has dury synlap boljakdygy aýdylýar. Agramy 70 kilograma barabar bolan hemra global platforma hökmünde hyzmat eder. Emeli hemra internet aragatnaşygynyň 6-njy nesliniň iş ýüzünde nämeler hödürlejekdigini görmäge mümkinçilik berer.