«Türkmentelekom» döwlet edaralary we guramalary üçin nyrh meýilnamalarynyň bahalaryny arzanlatdy

06.11.2020

«Türkmentelekom» telekommunikasiýa kompaniýasy öz resmi web sahypasynda kompaniýanyň döwlet edaralary we guramalary üçin nyrh meýilnamalarynyň bahalaryny arzanladandygyny habar berdi.

Döwür bilen aýakdaş hereket edýän «Türkmentelekom» kompaniýasy dürli nyrh meýilnamalarynyň täze, arzan bahalaryny öz müşderilerine hödürleýär. Şeýle arzanladyşlaryň biri – döwlet guramalary we edaralary üçin 20, 30 Mbit/s arzanladylan nyrh meýilnamasydyr.