Kompaniýalar diňe satuwa çykarmak üçin däl, eýsem, käbir tehnologiýany kämilleşdirmek, bu ugurda ýeten derejesini köpçülige görkezmek ýaly sebäpler bilen kähalatda diňe sergä çykarmak üçin önüm öndürýär. Käbir harytlar bolsa dürli sebäplere görä, köpçülige hem görkezilmeýär. Ýokary tizlikli ulaglary öndürmegi bilen tanalýan “Porsche” kompaniýasy köpçülige mälim bolmadyk ulaglaryny görkezip başlady. Kompaniýa “Unseen” (görülmedik) atly çäräniň çäklerinde görkezen ulaglarynyň arasynda “919 Street” atly model haýran galdyrýar. Kompaniýa ulagy 2017-nji ýylda satuwa çykarmak isläpdir. Emma käbir sebäpler bilen taslama tamamlanmandyr. Nemes brendiniň bu ulagy adaty ýollarda sürmek üçin niýetlenipdir. Aslynda, “919 Street”-e meňzeş model ýok däl. Sebäbi, bu modeli örän meňzeş bolan “919 Hybrid” atly ýaryş ulagy bar. Kompaniýa 2017-nji ýylda bu ulagyň gündelik durmuşda ulanylýan görnüşini çykarmak kararyna gelipdir. Soňra bu taslama ýatyrylypdyr. Kompaniýa ulagyň satuwa çykarylmajakdygyny, ony görmek isleýänleriň Ştuttgartdaky Zuffenhausen muzeýine baryp biljekdiklerini belleýär.
“Porsche” görülmedik modellerini görkezýär
12.11.2020