“Dynamics” kompaniýasy ýapyk ýerlerdäki koronawiruslary birnäçe sekuntda ýok edýän “Nanowave” atly enjamy tanyşdyrdy. Howany ultramelewşe şöhleler arkaly süzgüçden arassalap geçirýän enjamyň uly ofislerde ulanylyp bilinjekdigi mälim edildi. Dört motorly enjam birbada 300 litr howany sorup, arassalandan soňra çykarýar. Enjamyň üfleýän howasy 3 metre ýetýär. Enjam howany içine çekeninde radioişjeň şöhleler arkaly arassalaýar. Karnegi Mellon uniwersitetiniň professory Elias Towe enjamyň koronawirusy zyýansyzlandyrmak üçin öndürilen ilkinji önümleriň biridigini belleýär. Professor laboratoriýada geçirilen testlerde enjamyň dürli şertlerde işleýändigini anyklandyklaryny belleýär. Bu enjamy öýde we gelimi-gidimi köp bolan iş ýerlerinde hem ulanmak mümkin. Enjamyň bahasynyň 3450 dollardygy mälim edildi.
Wirusy ýok edýän enjam
11.11.2020