Aýda ilkinji ädim, kosmosda ilkinji selfi

10.11.2020

Öz-özüňi surata düşürmegi aňladýan selfi sözi entek ýaňy-ýaňylar peýda boldy. Soňky ýyllarda ähli telefonlar we beýleki elektron enjamlarda diýen ýaly selfi kameralary oturdyldy. Selfi sözi täze hem bolsa, öz özüňi surata düşürmek has irki döwürlerden bäri bar. “Christie’s” auksion öýi bolsa kosmosda düşürilen ilkinji selfini satuwa çykardy. Bu surat NASA-nyň kosmosdaky işleriniň seýrek duş gelýän kolleksiýasynyň arasynda bar. Kolleksiýada jemi 2 müň 400 fotosurat bolup, olaryň arasynda Aýa ilkinji ädim äden Neil Armstrongyň onlarça suraty bar. Merkezi edarasy Angliýada ýerleşýän auksion öýiniň satuwa çykaran suratlary “Kosmos barlaglaryň altyn eýýamy” diýlip atlandyrylýan döwre degişli. Bu suratlaryň köpüsi NASA-nyň Hýustondaky merkezinde saklanypdyr. Kolleksiýaçy Wiktor Martin-Malburet bu kolleksiýany 15 ýylyň dowamynda döredipdir. Kolleksiýaçy suratlary satuwa çykarmazdan ozal “Grand Palais” we Kunsthaus” ýaly meşhur muzeýlerde köpçüligiň dykgatyna hödürläpdir. Malburet aslynda kosmonawtlary alym we gahryman diýlip atlandyrylýandygyny, emma olaryň şol birwagtyň özünde fotosuratçydygynyň o diýen köp ýatlanmaýandygyny aýdýar. Emma muňa garamazdan, kosmonawtlar başga adamlaryň düşürip bilmejek şekillerini surata alýarlar. Satuwa çykarylan suratlaryň arasynda kosmosdaky ilkinji selfi hasaplanýan Armstrongyň fotosuratynyň has gymmada satylmagyna garaşylýar. Mundan ýarym asyr gowrak öň düşürilen suratyň 30-50 müň funt sterling arasynda satylmagyna garaşylýar.